TÜRKMEN WEKILIÝETINIŇ XXVI SANKT-PETERBURG HALKARA YKDYSADY FORUMYNA (SPIEF) GATNAŞMAGY

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri S.A. Joraýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen delegasiýasy 2023-nji ýylyň 14-17-nji iýuny aralygynda geçiriljek XXVI Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumyna (SPIEF) gatnaşar.

Bu halkara ykdysady forumyň çäginde, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri S.Joraýewiň "Uglerody kadalaşdyrmak we Aziýada, Afrikada we Ýakyn gündogar ýurtlarynda uglerod birlikleriniň dolanyşygy üçin bazar döretmek. Global öwrülişik döwründe dünýä ykdysadyýeti" atly sessiýasynda çykyşy meýilleşdirilýär hem-de Russiýa Federasiýasynyň Ykdysady ösüş ministri M.G. Reşetnikow bilen ikitaraplaýyn duşuşygy göz öňünde tutulýar.