TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNY GUTLADY

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustine we ýurduň ähli halkyna Russiýanyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

“Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky gatnaşyklar mizemez dostluga we hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýar. Häzirki wagtda däbe öwrülen döwletara dialog giň ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýär. Hökümet derejesinde netijeli dialog saklanýar, bu bolsa, öz gezeginde, öňde goýlan maksatlara wagtynda ýetmäge ýardam berýär” diýip, hormatly Prezidentimiz hatynda belledi we türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygynyň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde özara bähbitli hyzmatdaşlyk ruhunda ýurtlarymyzyň hem halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de depginli ösdüriljekdigine we çuňlaşdyryljakdygyna ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz Prezident Wladimir Putine we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustine berk jan saglyk, bagtyýarlyk we üstünlik, Russiýanyň dostlukly halkyna bolsa abadançylyk, mundan beýläk-de gülläp ösüş arzuw etdi.