TÜRKMENISTANYŇ ÝOKARY OKUW MEKDEPLERINIŇ SEKIZISI «THE IMPACT RANKINGS-2023» SANAWYNDAN ÝER ALDY

THE «Impact Rankings-2023» bütindünýä ýyllyk täsir reýtinginiň bäşinji neşirinde Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň birbada sekizisine ýer berildi, olar «Times Higher Education (THE)» iňlis guramasynyň garaşsyz halkara hünärmenleriniň ýokary bahasyna mynasyp boldular.

THE «Impact Rankings» reýtingi 2019-njy ýyldan bäri geçirilýär we häzirki wagtda ýeke-täk global öndürijilik sanawydyr. Bu sanawda uniwersitetlere Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan düzülip, sosial we ykdysady ösüş derejesini ýokarlandyrmagy maksat edinýän Durnukly ösüş maksatnamasynyň (DÖM) 17 maksadyna ýetmek jähetinden baha berilýär.

Ýokary görkezijilere ymtylýan we THE «Impact Rankings-2023» dünýä reýtingine giren ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ýurdumyzyň sekiz ýokary okuw mekdebi ynamly orun aldy. Olar Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti, Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty, Türkmen oba hojalyk instituty, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty we Ý.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetidir.

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri THE «Impact Rankings-2023» sanawyna Durnukly ösüşiň 11 maksadyny: «Bilimiň hilini», «Elýeterli we arassa energiýany», «Senagat, innowasiýalar we infrastrukturany», «Açlygy aradan aýyrmagy», «Jyns deňligini», «Gury ýeriň ekoulgamlaryny gorap saklamagy», «Saglyk we abadançylygy», «Arassa suw we arassaçylygy», «Mynasyp iş we ykdysady ösüşi», «Durnukly şäherler we ilatly ýerleri» we «Maksatlara ýetmek üçin hyzmatdaşlygy» durmuşa geçirmäge işjeň we netijeli gatnaşandyklary üçin girizildi. Okuw mekdepleriniň her biri dört maksada, şol sanda DÖM 17-ä (maksatlara ýetmek üçin hyzmatdaşlyk) gatnaşygyny görkezdi.

Reýtinge gatnaşýan ýokary okuw mekdepleri BMG-niň DÖM-niň islendigine baha bermek üçin, maglumat berip biler. Umumy reýtinge DÖM 17 (maksatlara ýetmek üçin hyzmatdaşlyk) we ýene azyndan üç sany DÖM boýunça maglumat berýän okuw mekdepleri girizilýär. Ýokary okuw mekdepleriniň umumy sanawdaky jemi bahasy onuň DÖM 17 boýunça bahasynyň galan DÖM-lerden alan iň gowy üç bahasyna goşulmagy arkaly hasaplanýar.

Londonda ýerleşýän «Times Higher Education» iňlis guramasy dünýäniň reýtinge gatnaşýanlaryň arasynda abraý we meşhurlyk gazanan ýokary mekdepleriniň reýtinglerini düzmek boýunça öňdebaryjy guramalaryň biri diýlip ykrar edilendir. 2023-nji ýylda «THE Impact Rankings» reýtingine dünýäniň 112 ýurdundan takmynan 1600 ýokary okuw mekdebi gatnaşdy.

Reýtinge gatnaşýanlaryň sany ýylsaýyn artýar, barha has köp okuw mekdepleri DÖM-lere ýetmek isleglerini görkezmäge we «The Impact Rankings» abraýly dünýä sanawyna goşulmaga çalyşýar. Reýting oňa gatnaşýanlary DÖM-lere ýetmekde ýokary ösüş görkezmäge, täze usullary ornaşdyrmaga we bu ugurdaky çäreleri netijeli gowulandyrmaga, guramaçylara öz ösüşleriniň has aýdyň we açyk subutnamalaryny bermäge höweslendirýär.

Ýokarda agzalan sekiz ýokary okuw mekdeplerinden altysynyň bu reýtinge ilkinji gezek girendigini bellemelidiris. Ý. Kakaýewiň adyny göterýän Halkara nebit we gaz uniwersiteti we Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty bütindünýä ýokary okuw mekdepleriniň sanawynda ikinji gezek görkezilýär. Ilkinji gezek bu iki ýokary okuw mekdebi geçen ýyl reýtingde «THE Impact Rankings-2022»-iň dördünji neşirinde orun alypdylar.

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri daşary ýurtly hünärmenleriň ýokary bahalaryna mynasyp bolmak bilen, abraýly dünýä reýtinglerinde ýer alýarlar we şoňa görä, dünýä derejesinde ykrar edilmegi gazanýarlar. Bu bolsa ýurdumyzda ylym we bilim pudaklarynda alnyp barylýan giň gerimli hem netijeli işleriň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň halkara derejesinde gazanan üstünlikleri, ýeten derejeleri we üstünlikleri ýurdumyzda hünärmenleri taýýarlamaklygyň hilini we derejesini görkezýär, milli bilim ulgamyny dünýä ülňüleriniň derejesine çykarmak we ýokary okuw mekdeplerini dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň hataryna girizmek boýunça döwletimiziň esasy meseleleriniň biriniň çözülmegine goşant goşýar.