TÜRKMEN WEKILIÝETI X NEWA HALKARA EKOLOGIÝA KONGRESINIŇ IŞINE GATNAŞDY

2023-nji ýylyň 26-njy maýynda Sankt-Peterburg şäherinde onunjy Newa halkara ekologiýa kongresi geçirildi. Onuň işine Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.A.Gulmanowanyň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy.

Türkmen wekiliýetiniň baştutany plenar mejlisindäki çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti S.G.Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biriniň daşky gurşawy goramakdan we tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmakdan ybaratdygy barada belledi.

Amatly daşky gurşawy üpjün etmek, ýaşyl we serişde tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak boýunça alnyp barylýan işleri ornaşdyrmak barada nygtaldy. Daşky gurşawa aýawly çemeleşmegi wagyz etmek we ýaş nesilleri ekologiýa taýdan terbiýelemek boýunça uly tagallalaryň amala aşyrylýandygy barada bellendi.

Ekologiýa we durnukly ösüş babatda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak boýunça Türkmenistanyň tagallalary barada beýan edildi. Bu ugurda Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň halkara ekologiýa gün tertibini ýola goýmaga gönükdirilen başlangyçlary uly orny eýeleýär. Türkmenistanyň tebigaty goramak ugrunda BMG-nyň birnäçe esasy konwensiýalaryna işjeň gatnaşýandygy, ugurdaş halkara guramalaryň çäklerinde uly işleri alyp barýandygy, sebit derejesinde, şol sanda bäş sany hazarýaka döwletleriniň derejesinde hyzmatdaşlyk edýändigi barada nygtaldy.