DEMIRGAZYK-GÜNORTA GEÇELGESINI ÖSDÜRMEK ÜÇIN HALKARA KONSORSIUMY DÖREDILÝÄR
Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesini ösdürmek üçin ýedi ýurdyň gatnaşmagynda halkara konsorsiumy döredilýär we eýýäm onuň üçin hukuk düzümi hasaba alyndy diýip, Russiýanyň wise-premýeri Marat Husnullin beýan etdi
«Taslama hemmeler: logistika kompaniýalary, ýurtlar üçin gyzykly – olaryň ählisi pul çeker. Maliýe mehanizmi hasaplandy. Konsorsiumda ýedi tarap bolup, adamlar ulag geçelgelerine seretdiler, ugurlar tassyklandy», - diýip ol belledi
Bu geçelgäniň döredilmeginde ýük daşamagyny Gazagystanyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň üsti bilen ulag we demir ýol arkaly baglanyşdyrmak, şeýle hem Hazar deňzindäki portlar we iki tarapynda Hazar deňzini aýlanyp geçýän demir ýollar arkaly Eýran we Hindistan bilen ulag geçelgesine birikmek meýilleşdirilýär
«Munuň ähli ýükleriň jemlenjek bir ýoly däl-de, eýsem demir we ulag ýollarynyň ulgamydygyna düşünmeli. Bir ýerde bar bolan ýollary giňeltmeli, bir ýerde – olary özara baglanyşdyrmaly bolar. Möhüm mesele arzan ýük geçirmek»
Husnulliniň aýtmagyna görä, ýük gatnawy nukdaýnazaryndan ulag geçelgesi Sues kanaly bilen deňeşdiriler we ýylda 100 million tonna ýeter. «Birinji tapgyrda, biz 15-30 million tonna bil baglaýarys»,-diýip Russiýanyň wise-premýeri aýtdy
Şeýle hem ol, konsorsiumyň çäginde taslamalaryň durmuşa geçirilmegi üçin bank tarapyndan maliýeleşdirilmegini talap etmegi mümkin diýdi diýip, «Praým» ýazýar
Demirgazyk-Günorta HÜG boýunça konteýner daşamak 2023-nji ýylyň dört aýynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bäş esse artdy diýip, Russiýa Federasiýasynyň ulag ministriniň orunbasary Walentin Iwanow habar berdi.
Multimodal Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesini döretmek baradaky hökümetara ylalaşyga 2000-nji ýylda Russiýa, Hindistan we Eýran tarapyndan gol çekildi. Soňra gatnaşyjylaryň düzümi 14-e ýetdi. Türkmenistan ylalaşyga resmi taýdan goşulmagyň işine başlady.