TÜRKMENISTAN «MERKEZI AZIÝA-HYTAÝ» GÖRNÜŞINDE HYZMATDAŞLYGYŇ ENERGETIKA UGRUNY ÜPJÜN EDER

Hytaýyň gadymy Sian şäherinde 18-19-njy maýda geçiriljek «Merkezi Aziýa- Hytaý» sammiti Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň (Türkmensitan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Özbegistan) arasyndaky özara gatnaşyklarda täze eýýamy açar. Ýokary derejede geçiriljek duşuşyga şeýle bahany meşhur seljeriş merkezleri hem-de syýasatçylar berýärler.

Bilermenleriň pikirine görä, energetika, ulag, logistika, maýa goýum we söwda-ykdysady ulgamlary şu görnüşde döwletleriň hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary bolup durýar.

Aslynda, Türkmenistanyň «Merkezi Aziýa-Hytaý» sammitine gatnaşmagy döwletleriň şeýle görnüşdäki hyzmatdaşlygynyň energetika düzüm bölegini üpjün edýär. Hususan-da, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň ýanwar aýynda Hytaýyň MK-nyň kompartiýasynyň «Ženmin Žibao» baş gazetine beren interwýusynda 2009-njy ýylyň ahyrynda ulanylmaga berlen Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň Aziýa yklymynda durmuşa geçirilen iň iri bilelikdäki energetika taslamasy bolandygyny we häzirki günde şonuň üsti bilen 350 milliard kub metrden gowrak tebigy gazyň iberilendigini aýtdy.

Bilermenleriň çaklamalaryna görä, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň liderleri sebitiň energetika bazarlaryna türkmen tebigy gazynyň iberilmegini artdyrmak baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar. Mälim bolşy ýaly, gazyň iberilmegi Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijiniň üç ugry (A,B we C) boýunça amala aşyrylýar. Türkmen tebigy gazyndan diňe bir ahyrky sarp ediji — Hytaý däl, eýsem üstaşyr ýurtlar – Özbegistan we Gazagystan hem peýdalanyp bilýär. Soňky ýyllarda taraplar Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasynyň (D) gurluşygy baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşýarlar. Ol Türkmenistan-Özbegistan-Täjigistan-Gyrgyzystan-Hytaý ugry boýunça geçmelidir. Özi-de şeýle ugur energetika serişdelerine zerurlyk bildirýän Duşenbe we Bişkek şäherleriniň ýüz tutmalary boýunça saýlanyp alyndy. 4-nji şahanyň gurulmagy Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisini taslama kuwwatlylygyna çykarmaga hem-de Hytaýyň energetika bazaryna her ýylda 65 milliard kub metre çenli gazy ibermäge mümkinçilik berer. Mundan başga-da, D şahasy türkmen gazynyň Gyrgyzystana we Täjigistana göni iberilmegini amala aşyrmaga mümkinçilik berer.