BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 77-NJI MEJLISINIŇ RESMINAMASY HÖKMÜNDE BITARAPLYGYŇ DOSTLARY TOPARYNYŇ MINISTRLER DUŞUŞYGYNYŇ JEMLEÝJI JARNAMASY ÇAP EDILDI

Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna Bitaraplygyň dostlary toparynyň birinji ministrler duşuşygynda kabul edilen Jarnama BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde BMG-niň alty sany resmi dilinde sessiýanyň gün tertibiniň “Parahatçylygy gurmak we parahatçylygy saklamak” atly 58-nji bendinde çap edildi.

Bitaraplygyň dostlary toparynyň ministrler duşuşygy 2022-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Aşgabatda geçirildi.

Kabul edilen Jarnama bilen Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2020-nji ýylda döredilen Bitaraplygyň dostlary toparyna aşakdaky format we iş tertibi berkidilýär:

  • Bitaraplygyň dostlary topary formal däl, açyk häsiýete eýe bolmak bilen, degişlilikde, Birleşen Milletler Guramasyna agza, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda synçy döwletleriniň we Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm birlikleriniň bu topara goşulmaga isleg we taýýarlyk bildirmekleri bilen baglylykda, onuň düzümi yzygider tertipde täzelenip durar;

  • Bitaraplygyň dostlary toparynyň duşuşygy azyndan alty aýda bir gezek ilçiler derejesinde Nýu-Ýorkda geçirilýär. Onuň agzalarynyň haýyşy boýunça, anyk meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin nobatdan daşary duşuşyklary hem geçirilip bilner;

  • Bitaraplygyň dostlary toparynyň daşary işler ministrleri derejesindäki duşuşygy ýylda bir gezek öňünden ylalaşylan ýerde geçirilýär;

  • Bitaraplygyň dostlary toparynyň işine başlyklyk edýän iki döwlet tarapyndan (Türkmenistan we başlyklyk etmäge isleg bildiren islendik bir agza döwlet) bir ýyl möhlet esasynda utgaşdyrylýar; bu möhlet tamamlanandan soňra, utgaşdyrmak ygtyýary geografiki rotasiýa esasynda geçirilýar.