TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI “WOZROŽDENIÝE” TASLAMA-GURLUŞYK KOMPANIÝALAR TOPARYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Bukatony kabul etdi.

Işewür wagt tapyp kabul edendigi hem-de hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň giň möçberli özgertmeler strategiýasyny durmuşa geçirýän Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň “Wozroždeniýe” kompaniýalar topary bilen üstünlikli hyzmatdaşlygynyň köpýyllyk tejribesine kanagatlanma bildirdi. Ýurdumyz bilen bu kompaniýanyň arasynda ygtybarly we ynanyşykly gatnaşyklar ýola goýuldy.

Duşuşygyň dowamynda dürli ulgamlarda uly kuwwata eýe bolan hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, işewür ýerine ýetirilýän işleriň barşy barada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar topary tarapyndan ýurdumyzda birnäçe möhüm infrastruktura taslamalary, şol sanda geçen ýylda ulanmaga berlen, paýtagtymyz üçin uly ähmiýeti bolan sil suwlaryny sowujy desgalar toplumynyň taslamasy amala aşyryldy.

Duşuşykda özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegine meýil beýan edildi. Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde amala aşyrylýan hem-de innowasiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagyny ugur edinýän giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasy bu hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleri açýar. Şunda Türkmenistanda daşky gurşawy goramak we ekologik howpsuzlyk meselelerine aýratyn üns berilýändigi nygtaldy. Howanyň üýtgemeginiň ýetirýän täsirlerini peseltmek boýunça netijeli çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär, durmuş-ykdysady taslamalar amala aşyrylanda, ekologiýa meselesine uly ähmiýet berilýär.

Şeýle-de häzirki döwrüň ýagdaýlary bilen baglylykda, suw serişdelerini gorap saklamagyň we olary rejeli peýdalanmagyň täzeçil tehnologiýalary, ylmyň soňky gazananlaryny ulanmak arkaly ýurdumyzyň ähli derýalarynda endigan suw akymyny üpjün etmegiň möhümdigi bellenildi. Şundan ugur alyp, bu meseleleri çözmekde Türkmenistan öňdebaryjy daşary ýurt tejribesini ulanmagy maksat edinýär hem-de “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardyr.

Işewür döwlet Baştutanymyza kompaniýa bildirýän ynamy üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, kompaniýanyň öz üstüne alan borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegine mundan beýläk-de jogapkärçilikli çemeleşjekdigine ynandyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Bukato özara bähbitlilik esasynda ýola goýulýan we anyk netijeleriň gazanylmagyna gönükdirilen köpýyllyk hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.