BMG-NIŇ ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA SEBITLEÝIN MERKEZINIŇ ÝUBILEÝINE MAGLUMAT ÝYGYNDYSY NEŞIR EDILDI

BMG-niň Öňüni alyş diplomaiýasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin merkezi özüniň döredilmeginiň 15 ýyllygyna bagyşlap maglumatlar ýygyndysyny çykardy «ÖDSMMA: sebitde işjeňligiň 15 ýyly». Bu barada Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň satynda habar berilýär.

Maglumatlar ýygyndysy Merkeziň işiniň esasy ugurlary bilen, onuň mandaty, ozal durmuşa geçirilen we häzir ýerine ýetirilýän uly taslamalary bilen, şeýle hem guramanyň üstünlikleri bilen tanyşdyrýar.

BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin merkezi 2007-nji ýylda Merkezi Aziýanyň bäş döwletiniň hökümetleriniň başlangyjy bilen, BMG-niň syýasy meseleler we parahatçylyk meseleleri boýunça Müdiriýetiniň ýörite missiýasy hökmünde Aşgabatda ştab-kwartirasy bilen döredilipdi. Ol syýasy mandaty bolan we tutuş sebiti öz içine alýan öňüni alyş diplomatiýasyna bagyşlanan BMG-niň ilkinji edarasydyr.

Merkez ýüze çykýan meseleleriň çözgüdini gözlemekde we mümkin bolan howplary aýyrmakda; sebitde hereket edýän halkara guramalar bilen olaryň parahatçylyk döredijilik tagallalary we başlangyçlaryny höweslendirmekde kadaly gatnaşyklary saklamakda; dawalaryň öňüni almakda bilelikdäki tagallalar barada maglumaty utgaşdyrmak we alyşmakdyr; durnukly ösüşi üpjün etmek we dawalaryň öňüni almak boýunça işleýän BMG-niň beýleki agentlikleri bilen hyzmatdaşlyk boýunça MA döwletleriniň hökümetleriniň dialogyna ýardam edýär.

Sebitleýin merkez Birleşen Milletler Guramasynyň oňa agza bolup durýan döwletleriň goldawyna syýasy gatnaşmagynyň we öňüni alyş tagallalarynyň mysalydyr.