TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNA DÖWLET SAPARY BAŞLANDY

Şu gün, 2023-nji ýylyň 5-nji ýanwarynda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Hytaý Halk Respublikasyna ugrady.

Döwlet Baştutanymyzy Aşgabadyň Halkara howa menzilinde ýurdumyzyň resmi adamlary, şeýle hem HHR-iň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçen ugratdylar.

Birnäçe sagatdan soň, hormatly Prezidentimiziň uçary Pekiniň iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen «Şoudu» Halkara howa menziline gelip gondy.

Uçaryň ýanynda döwlet Baştutanymyzy dostlukly ýurduň resmi adamlary, şeýle hem Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.

Ertir, 6-njy ýanwarda Hytaýyň paýtagtynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen resmi duşuşygy bolar.

Ýokary derejede geçiriljek türkmen-hytaý gepleşikleriniň çäklerinde söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, himiýa senagaty, ulag, aragatnaşyk, oba hojalygy ýaly möhüm ugurlardaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagy göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýakynda geçirilen mejlisinde Pekin şäherinde ýokary derejede geçiriljek gepleşikleriň ähmiýeti barada aýdyp, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde ýola goýulýan türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi.