TÜRKMEN DIPLOMATLARY ARKADAG ŞÄHERINE AÝLANYP GÖRDÜLER

Şu gün, 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda, baýramçylyk günlerinde Aşgabatda bolýan Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, ýurduň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary bilen bilelikde, «Arkadag şäheri» diýlip atlandyrylan Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezine bardylar hem-de Köpetdagyň eteginde gurulýan döwrebap şäher bilen ýakyndan tanyşdylar. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bu ýerde Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hem-de Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň — Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew türkmen ilçilerini täze şäherdäki gurluşyk işleri bilen ýakyndan tanyşdyrdylar.

Tanyşlygyň barşynda türkmen diplomatlary bu ýerde gurlan «Akhan» monumentiniň hem-de Döwlet sirkiniň, muzeýiň, sport meýdançalarynyň, kottej ýaşaýyş toplumynyň we başga-da birnäçe desgalaryň aýratynlyklaryny synladylar.

Türkmen diplomatlary bu ajaýyp şäheriň Türkmenistanda soňky ýyllarda gazanylan uly üstünlikleriň aýdyň mysalydygyny nygtadylar we ýurduň gazanýan ösüşlerini, ýetýän belent sepgitlerini öz işleýän döwletlerinde mundan beýläk-de wagyz edip, türkmen döwletiniň abraýyny artdyrmaga goşant goşmagy dowam etdirjekdiklerine ynandyrdylar.