TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ MEJLISINIŇ KARARY TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR GURBANGULYÝEWIÇ BERDIMUHAMEDOWY «TÜRKMENISTANYŇ USSAT DIPLOMATY» DIÝEN TAPAWUTLANDYRYŞ NYŞANY BILEN SYLAGLAMAK HAKYNDA

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty üstünlikli amala aşyrylýar. Ata-babalarymyzdan miras galan bitaraplyk ýörelgelerine ygrarly ýurdumyz dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen deňhukukly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da ösdürýär.

Hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly Serdarymyzyň durmuşa geçirýän nusgalyk işleriniň netijesinde Türkmenistanyň bitaraplyk hukuk ýagdaýy dünýäde we sebitde parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmegiň işjeň guralyna öwrülýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň öňe sürýän «Dialog — parahatçylygyň kepili» konsepsiýasy ata Watanymyzyň halkara abraýynyň mundan beýläk-de ýokarlanmagy üçin giň mümkinçilikleri döredýär.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we hemişelik Bitaraplygyny pugtalandyrmak, Watanymyzyň halkara bileleşikdäki belent abraýyny berkitmek, parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty amala aşyrmak, ählumumy halkara maksatnamalary durmuşa geçirmek, daşary ýurt döwletleri we halkara guramalar bilen gatnaşyklary ösdürmek işine goşan uly şahsy goşandyny, döwletimiziň bähbitlerini goramakda, at-abraýyny has-da belende götermekde, Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmekde bitiren aýratyn hyzmatlaryny nazara almak bilen, şeýle hem Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi karar edýär:

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowy «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglamaly.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy
G.MÄMMEDOWA.

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 8-nji dekabry.