RUSSIÝANYŇ BILIM WE YLYM MINISTRLIGI TÜRKMEN-RUS UNIWERSITETINIŇ TASLAMASYNYŇ MAKSATNAMASYNY TAÝÝARLADY

Bu barada sişenbe güni RF-niň ylym we ýokary bilim ministri Waleri Falkow Moskwada türkmen kärdeşi Gurbangül Ataýewa bilen bolan duşuşygynda habar berdi diýlip, Russiýanyň bilim we ylym ministrliginiň saýtynda habar berilýär.

Türkmen-rus uniwersiteti Türkmenistanda açylar. Şu ýyl rus edarasyna türkmen tarapyndan bilelikdäki ýokary okuw mekdebi döretmek başlangyjy beýan edilen hat gelip gowuşdy. Jogap hökmünde RF-niň Bilim we ylym ministrligi taslamany amala aşyrmak boýunça çäreleriň maksatnamasyny we meýilnamasyny taýýarlady diýip, Falkow aýtdy.

Ol şeýle hem, rus tarapynyň eýýäm ýokary okuw mekdebini döretmek we onuň işlemeginiň şeretleri hakynda hökümetara ylalaşygynyň taslamasyny hem taýýarlandygyny habar berdi. Türkmenistanyň bilim ministrliginiň ileri tutulýan ugurlary göz öňünde tutulyp, uniwersitetde rus bilim maksatnamasynyň ölçeglerine laýyklykda tehniki we lukmançylyk hünär ugrlaryna degişli hünärmenler taýýarlanylar. Türkmen kärdeşlerine hünärleriň sanawy hem-de ýokary bilim taýýarlygynyň ugurlary ýollanyldy diýip, Russiýanyň ministri anyklaşdyrdy.

Şeýle hem duşuşygyň dowamynda Russiýanyň Bilim we ylym ministrliginiň bilim ulgamynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine uly üns berýändigi – ykdysadyýetiň dürli pudaklary üçin ýokary derejeli türkmen hünärmenlerini taýýarlamak boýunça düýpli işleriň geçirilýändigi bellenildi. Häzirki wagt Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde Türkmenistanyň raýatlarynyň 30 müňden gowragy bilim alýar, şolaryň 4 müňden gowragy býujet esasyndadyr. Şu ýylyň kabul ediş möwsüminň netijeleri boýunça RF-niň hökümetiniň bölüp goýan ýerlerine laýyklykda, ýokary okuw mekdeplerine Türkmenistandan dalaşgärleriň 385-si kabul edildi diýip, rus ministri aýtdy.

Öz nobatynda, Gurbangül Ataýewa ýurtda rus biliminiň meşhurlygynyň “durnukly ýagdaýda ýokary derejede galýandygyny” nygtady hem-de sanlylaşdyrmak we kiberhowsuzlyp ulgamyna işgärleri taýýarlamaga gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Şeýle hem ol rus dilini öwrenmekde hyzmatdaşlygy giňeltmegi hem-de ýurduň mugallymlary üçin rus ýokary okuw mekdeplerinde hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyny guramagy teklip etdi.