TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞDY

Şu gün, 2022-nji ýylyň 29-njy noýabrynda, Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynda resmi saparda bolmagynyň çäklerinde dostlukly ýurduň Prezidenti Ýun Sok-ýol bilen duşuşdy. Onda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlary bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň barşynda iki ýurduň syýasy-diplomatik, ykdysady we medeni gatnaşyklarynyň ýokary derejesi bellenildi. Şol gatnaşyklar deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we hoşniýetli ýörelgeleri esasynda işjeň ösdürilip, soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykaryldy. 

Mälim bolşy ýaly, hormatly Arkadagymyz Koreýa Respublikasynda resmi saparynda bolmagynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklara gatnaşdy. Olarda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary şol sanda parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler boýunça gyzyklanma bildirýän pikir alyşmalar boldy. 

Şeýle hem duşuşyklaryň jemleri boýunça degişli resminamalara gol çekilidi. Munuň özi iki dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösüşiň täze derejesine çykýandygyny aňladýar.