GAHRYMAN ARKADAGYMYZ BMG-NIŇ TERTIPNAMASYNYŇ ÝÖRELGELERINI TASSYKLAMAKDA TAGALLALARY BIRLEŞDIRMÄGE ÇAGYRDY

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Moskwa saparynyň dowamynda BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgelerini tassyklamak işinde tagallalary birleşdirmäge çagyrdy.

Ol bu barada Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen gepleşiklerinde belledi.

«Dünýädäki ýagdaýyň çylşyrymlaşýan döwründe halkara hukugyň, BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgeleriniň berkarar bolmagynda, hukugyň inkär edilmegine, esasy halkara institutlaryň wezipeleriniň hem-de ygtyýarlyklarynyň ähmiýetiniň peseldilmegine garşy göreşmekde tagallalary birleşdirmek talap edilýär» diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň nygtaýşy ýaly, «Parlament diplomatiýasy häzirki döwürde parahatçylygyň, hyzmatdaşlygyň, özara düşünişmegiň guralyna öwrülmelidir. Onuň esasy maksady, many-mazmuny we wezipesi şundan ybaratdyr».

Ekstremizmiň we radikalizmiň ýüze çykmagyna, döwlet gurluşynyň bozulmagyna, kemsidilmegine synanyşyklara, jemgyýetçilik aňyna ýalan gymmatlyklaryň, pikirleriň ornaşdyrylmagyna garşy berk kanunçylyk böwetlerini goýmak zerurdyr diýip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady.