TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNA RUSSIÝANYŇ ÝOKARY DÖWLET SYLAGY GOWŞURYLDY
Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna dowam edýän resmi saparynyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklar düýpli strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýedir. Ol deňhukuklylyk, ynanyşmak we özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda guralýar.
Düýn Moskwada Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşinde we Döwlet Dumasynda geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklar iki dostlukly ýurduň soňky ýyllarda ýola goýlan netijeli we ýokary derejedäki döwletara gatnaşyklary yzygiderli ösdürmäge çalyşýandygyny tassyklady. Duşuşyklaryň barşynda türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň möhüm we aýrylmaz bölegi hökmünde parlamentara gatnaşyklary giňeltmegiň wajypdygy aýratyn nygtaldy.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan we Russiýa durmuş-ykdysady ösüşiň umumy wezipelerine hem-de ileri tutulýan ugurlaryna esaslanyp, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ygtybarly şertnama-hukuk binýadyny döretmegi başardylar. Munuň özi iki dostlukly ýurduň doganlyk halklarynyň köpasyrlyk taryhy, ruhy we medeni umumylygynyň kuwwatly binýady esasynda guralýan döwletara gatnaşyklary okgunly ösdürmäge ýardam edýär. Gazanylan ylalaşyklar, hususan-da, Russiýanyň Federasiýa Geňeşiniň we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça parlamentara toparyny döretmek hakynda Ylalaşyk kanun çykaryjy edaralaryň arasyndaky däp bolan gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge mümkinçilik berer. Oňa Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Moskwa saparynyň birinji gününde gol çekildi.
...Günüň ikinji ýarymynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň awtoulag kerweni Kreml köşgüne gelýär. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin mähirli garşylaýar. Söhbetdeşligiň barşynda häzirki wagtda giň ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýän türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň wajyp meseleleriniň ençemesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Prezident Wladimir Putin belent mertebeli myhmany mübärekläp, uzak ýyllaryň dowamynda bilelikde işleşen Gurbanguly Berdimuhamedowy ýene-de görýändigine örän şatdygyny belledi.
Siz haýsy wezipede Russiýa gelseňiz-de, biz Sizi görmäge hemişe şatdyrys. Çünki Siz biziň ikitaraplaýyn döwletara gatnaşyklarymyzy ösdürmäge ägirt uly goşant goşduňyz. Munuň özi işiň ähli ulgamlaryna — ynsanperwer we ykdysady ulgamlara-da degişlidir. Siziň gönüden-göni gatnaşmagyňyzda Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar strategik hyzmatdaşlygyň örän ýokary raýdaşlyk derejesine çykaryldy diýip, Russiýanyň Lideri nygtady.
Wladimir Putin geçen ýyllaryň dowamynda gazanylan ýokary netijeleri belläp, bu ösüşiň depgininiň täze Prezident Serdar Berdimuhamedowyň döwlet Baştutanlygyna gelmegi netijesinde birjik-de peselmeýändigini kanagatlanma bilen nygtady. Türkmenistanyň häzirki Prezidenti bilen hem örän gowy şahsy gatnaşyklar ýola goýuldy, döwletara gatnaşyklar işjeň ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Russiýa ugrundaky syýasatynyň däp bolan görnüşde ösdüriljekdigine ynam bildirildi.
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygyny Russiýanyň döwlet sylagy — IV derejeli “Watanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin” diýen ordeni bilen sylaglamak hakynda kabul edilen Çözgüt barada aýdyp, munuň örän ýokary sylagdygyny, ordeniň döwletara gatnaşyklary ösdürmäge goşulan goşanda doly laýyk gelýändigini belledi.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly döwletiň Baştutanyna hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň mähirli sözlerini we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Siziň belleýşiňiz ýaly, Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy strategik hyzmatdaşlardyr, munuň özi durmuş hem-de döwür bilen subut edildi. Hyzmatdaşlyk ýylsaýyn berkeýär, giňeýär, yzygiderli ösdürilýär diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady. Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda parlamentara gatnaşyklar ep-esli işjeňleşdirildi. Türkmen wekiliýetiniň şu saparynyň barşynda gol çekilen taryhy resminama — Russiýanyň Federasiýa Geňeşiniň we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça parlamentara toparyny döretmek hakynda Ylalaşyk munuň aýdyň subutnamasydyr.
Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak biziň strategiýamyzyň esasy maksadydyr. Şoňa görä-de, biz mundan beýläk-de bu ugurda ynamly öňe gideris diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýanyň Liderine Russiýa Federasiýasynyň ýokary döwlet sylagy — IV derejeli “Watanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin” ordeni bilen sylaglandygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, munuň özüne bildirilen uly hormatdygyny we taryhy ähmiýetli wakadygyny nygtady. Munuň özi Türkmenistanyň we Russiýanyň halklarynyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň esasynda, hakykatdan-da, hemişe dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk hyzmatdaşlygynyň durýandygyny ýene-de bir gezek subut edýär. Bize hem Siziň bilen bilelikde däp bolan hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly goşandymyzy goşandygymyzy bellemek ýakymlydyr diýip, hormatly Arkadagymyz aýtdy.
Pursatdan peýdalanyp, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Prezidentini golaýda bellenen doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady we oňa berk jan saglyk, döwlet işinde uly üstünlikleri, Russiýanyň halkyna bolsa abadançylyk arzuw etdi.
Soňra Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy IV derejeli “Watanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin” ordeni bilen sylaglamak dabarasy boldy.
Alypbaryjy Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň degişli Permanyny okaýar. Prezident Wladimir Putin dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygyna ordeni gowşurýar.
Gahryman Arkadagymyza iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly şahsy goşandy üçin gowşurylan ýokary sylag Russiýa bilen doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge pugta ygrarly Türkmenistana hormat-sarpanyň nyşanyna öwrüldi.
Taraplaryň tagallalary esasynda daşary syýasy ulgamda gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça anyk we netijeli ädimler ädildi, ynsanperwer gatnaşyklar yzygiderli giňeldilýär. Gahryman Arkadagymyzyň resmi sapary iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek bilen birlikde, gatnaşyklary ösdürmegiň taryhynda täze sahypany açýar we parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy resmi saparyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, Watanymyza ugrady.
***
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasyna resmi saparynyň çäklerinde duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi. Hususan-da, iki ýurduň parlamentleriniň ýokarky palatalarynyň Başlyklarynyň orunbasarlary K.Babaýewiň we K.Kosaçýowyň duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň gün tertibine hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de geljegi bilen bagly meseleler girizildi. Ara alyp maslahatlaşmalara Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň komitetleriniň ýolbaşçylary hem gatnaşdylar. Häzirki döwürde türkmen-rus parlamentara gatnaşyklarynyň işjeň, yzygiderli we netijeli häsiýete eýe bolýandygy kanagatlanma bilen nygtaldy. Bellenilişi ýaly, 1-nji noýabrda gol çekilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça parlamentara topary döretmek hakynda Ylalaşyk hem munuň şeýledigine şaýatlyk edýär. Bu resminama ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna goşmaça itergi bermäge gönükdirilendir.
Wekiliýetleriň agzalary hyzmatdaşlygy berkitmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny belläp, işi alyp barmagyň täze görnüşlerini işläp düzmek barada pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň parlamentarileriniň bilelikdäki mejlisleriniň geçirilmegine gyzyklanma bildirip, wekiliýetleriň agzalary birnäçe guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Kanun çykaryjylyk işi babatda gatnaşyklary giňeltmegiň ýollarynyň işlenip taýýarlanylmagyna aýratyn üns çekildi.
Şeýle hem Moskwada “Türkmenistanyň hem-de Russiýanyň parlamentara hyzmatdaşlygy: ugurlar we ileri tutulýan wezipeler” atly “tegelek stol” söhbetdeşligi geçirildi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşy ýurtlarymyzyň arasyndaky özara ynanyşmagyň ýokary derejesine şaýatlyk edýär hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça bilelikdäki tagallalara gabat gelýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurtlaryň kanun çykaryjy edaralarynyň iki palatasynyň parlamentara toparynyň döredilmeginiň ähmiýeti nygtaldy.
Dostlukly ýurduň wekilleri halkara derejede, şol sanda BMG-niň çäklerinde Russiýa bilen Türkmenistanyň özara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, türkmen-rus gatnaşyklarynyň strategik häsiýetini göz öňünde tutmak arkaly bilelikdäki işleriň dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler. Nygtalyşy ýaly, Russiýanyň parlamentarileri Türkmenistanyň alyp barýan Bitaraplyk syýasatyna ýokary baha berýärler.
Ýurdumyzyň Merkezi Aziýa döwletleriniň parlamentarileriniň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly goşant goşýandygyna aýratyn üns çekildi. 2022-nji ýylyň maý aýynda Aşgabatda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy hem-de zenanlaryň dialogy munuň aýdyň subutnamasydyr. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan forumyň hemişelik hereket edýän Sekretariatyny döretmek barada öňe sürlen başlangyjy rus tarapynyň goldaýandygy nygtaldy.
Duşuşygyň dowamynda iki dostlukly döwletiň parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmegiň mümkinçilikleri, geljek döwür üçin özara hereket etmegiň ileri tutulýan ugurlary, Russiýanyň hem-de Merkezi Aziýanyň has-da ýakynlaşmagynyň geljegi barada, şeýle-de halkara we ikitaraplaýyn parlamentara işler bilen baglylykda, başlangyçlary anyk durmuşa geçirmek boýunça giňişleýin pikir alşyldy.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasyna resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýolbaşçysynyň Moskwanyň Uly döwlet sirkiniň baş direktory bilen geçiren duşuşygynyň barşynda sirk sungaty ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşmalaryň barşynda bu ugurda netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Munuň özi türkmen-rus medeni gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam eder.
Geçen ýyllaryň dowamynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň birnäçe ýurtlarda bolup, abraýly halkara festiwallarda we bäsleşiklerde üstünlikli çykyş edendigini hem-de ençeme sylaglara mynasyp bolandygyny bellemek gerek. Häzirki döwürde döwletimiziň ýakyndan goldamagy esasynda ýurdumyzda sirk sungaty täze ösüşe eýe boldy. Bularyň ählisi daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen däp bolan gatnaşyklary baýlaşdyrmak, sirk toparlarynyň özara çykyşlaryny guramak üçin oňaýly şertleri döredýär.
“Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýolbaşçysynyň Kremliň atçylyk mekdebiniň baş direktory bilen geçiren duşuşygynyň barşynda atçylyk sporty ulgamynda, çapyksuwarlary we bedewleri taýýarlamakda türkmen-rus hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, meşhur ahalteke bedewleriniň watany bolan Türkmenistanda atçylygyň döwlet ähmiýetli iş hökmünde ykrar edilendigini bellemek gerek. Bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň hyzmatlary örän uludyr. Hormatly Arkadagymyzyň giň gerimli işleri arassa ganly ganatly bedewleriň gaýtadan dikeldilmegine, aýawly saklanylmagyna, olaryň baş sanynyň artdyrylmagyna, döwrebap ugurdaş düzümiň döredilmegine, sportuň atly görnüşleriniň, şeýle hem at üstündäki milli oýunlaryň giňden wagyz edilmegine ýardam berdi. Häzirki wagtda bu giň gerimli işler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär.
Duşuşygyň barşynda rus tarapy bilen atlary saklamak we olara talabalaýyk ideg etmek üçin amatly şertleri döretmek meselesi barada içgin pikir alşyldy. Şunda bu ulgamda bar bolan tejribäniň öňdebaryjy tehnologiýalar we ylmyň gazananlary bilen sazlaşykly utgaşmagy möhüm bolup durýar.