TÜRKMENISTAN ŞHG-NYŇ HÖKÜMET BAŞTUTANLARY GEŇEŞINE GATNAŞMAGA ÇAGYRYLDY

Sişenbe güni, 1-nji noýabrda ŞHG-na agza ýurtlaryň hökümet baştutanlarynyň (premýer-ministrleriniň) wideoaragatnaşyk arkaly 21-nji mejlisi geçirildi. Pekin tarapyndan çagyrylan bu mejlise Hytaýyň premýer-ministri Li Kesýan başlyklyk etdi. Duşuşyga agza we synçy döwletleriň hökümet baştutanlary, wekilleri, şeýle hem ŞHG-nyň hemişelik hereket edýän edaralarynyň, senagatçylar toparlarynyň, bank konsorsiumlarynyň ýolbaşçylary, UNESCAP ýaly halkara guramalarynyň wekilleri çagyryldy.

Duşuşygyň başlygy tarapyndan çagyrylan myhman hökmünde, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldymyradow gatnaşdy.

Mejlisde azyk we energiýa howpsuzlygy, howanyň üýtgemegi, söwda we maýa goýumlary, ulag hyzmatdaşlygy we üstaşyr geçelgeleri ösdürmek babatynda hyzmatdaşlygy berkitmegiň möhümdigi nygtaldy.

Şu ýylyň sentýabr aýynda geçirilen ŞHG-nyň Samarkand sammitinde ähli taraplaryň ŞHG-nyň ösüşi barada täze ylalaşyga gelendigi bellendi. ŞHG-nyň hökümet baştutanlarynyň Geňeşinde başlyklyk etmek gezegi Gyrgyzystana geçirildi.