TÜRKMENISTANYŇ ÝAŞ ALYMLARY NIŽNYÝ NOWGORODDA “SERHETSIZ YLYM” ATLY FORUMA GATNAŞÝARLAR

Nižnyý Nowgorodda (Russiýa) “Serhetsiz ylym” atly forum GDA ýurtlaryna, Çernogoriýa, Eýrana, Hindistana we HHR-e wekilçilik edýän ýaş alymlaryň 400-e golaýyny bir ýere jemledi. Maslahat Arkalaşygyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna hem-de Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň 300 ýyllyk şanly senesine bagyşlandy diýip, RIA “Nowosti” ýazýar.

Forumda Türkmenistana ýokary okuw mekdepleriň we uniwersitetleriň ýanyndaky ylym bilen meşgullanýan hem-de dürli pudaklarda alnyp barylýan barlag işleriniň awtorlary bolan tehnologiýa we ylmy merkezleriň ýaş alym mugallymlaryndan ybarat bolan topar wekilçilik edýär.

Foruma gatnaşyjylar emeli aň, molekulýar inženeriýa, azyk howpsuzlygy, sagly, mirasy gorap saklamak baradaky meseleleri hem-de ylmyň beýleki möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşarlar. Nižnyý Nowgoroddaky çäre hemişelik hereket edýän forum bolmaga ymtylýar, şol ýerde GDA ýurtlarynyň ýaş alymlary we innowatorlary häzirki zaman ylmynyň möhüm meselelerini hem-de ugurlaryny ara alyp maslahatlaşyp bilerler.

Forum Lobaçewskiý adyndaky Nižegorod döwlet uniwersitetiniň binýadynda geçýär. Russiýanyň Ylymlar akademiýasy, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti, RF-niň ylym we ýokary bilim ministrligi, Nižegorod oblastynyň hökümeti, NNDU we “Skolkowo” Gaznasy onuň guramaçylary bolup çykyş etdiler.