TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOW: TÜRKMEN MANADY ÝURDUMYZYŇ ÜSTÜNLIKLI ÖSÜŞINIŇ NYŞANYDYR

2022-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 29 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň maliýe-ykdysadyýet toplumynyň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri, ugurdaş okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

1993-nji ýylyň 1-nji noýabry döredijilik özgertmeleri döwründe Watanymyzyň ykbalyny kesgitlän günleriň biri hökmünde Türkmenistanyň taryhyna girdi. Manat türkmen döwletliliginiň, ykdysady durnuklylygyň nyşanyna we ýurdumyzyň özbaşdaklyk ýörelgelerini durmuşa geçirmegiň ugrukdyryjy guralyna öwrüldi. Geçen ýyllaryň dowamynda ykdysady syýasat üstünlikli durmuşa geçirilýär. Onuň pul-karz, býujet, salgyt, maliýe, nyrh ugruny emele getirýän we häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän bazar gatnaşyklaryna geçmegiň milli guraly işlenip taýýarlanyldy.

Şu gezekki maslahatyň gün tertibine täze taryhy eýýamda bank ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm meseleleri girizildi. Maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Onda milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösmegi, ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatynyň netijeli alnyp barylmagy üçin amatly şertleri döredendigi bellenilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Garaşsyz Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek esasynda jemi içerki önümiň jan başyna düşýän möçberi babatda Türkmenistanyň girdejisi orta derejeden ýokary bolan ýurtlaryň hatarynda bolmagy ýurdumyzda pul-karz, salgyt-býujet, nyrh emele getiriş, maýa goýum syýasatynyň netijeli amala aşyrylýandygyny aýdyň görkezýär.

Raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak maksady bilen, ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny satyn almak üçin berilýän ýeňillikli ipoteka karzlarynyň, şonuň ýaly-da sarp ediş maksatly karzlaryň möçberlerini yzygiderli artdyrarys hem-de maliýe-bank hyzmatlaryny has-da kämilleşdireris diýip, hormatly Prezidentimiz Gutlagynda nygtaýar.

Maslahatyň dowamynda bank ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler, ulgamy sanlylaşdyrmagyň aýratynlyklary, milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň taslamalaryna, maksatnamalaryna maýa goýumlary goýmakda halkara maliýe düzümleri bilen hyzmatdaşlyk, durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmekde bank ulgamynyň eýeleýän orny baradaky çykyşlar diňlenildi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmegiň konsepsiýasynyň esasy ýörelgesi serişde, senagat, zähmet hem-de aň-paýhas mümkinçiliklerini diwersifikasiýalaşdyrmakdan ybaratdyr. Bu strategiýanyň netijeliligi, ozaly bilen, onuň anyk hasaplamalardan, ykdysady, durmuş, demografik şertleriň içgin seljerilmeginden ugur alnyp, ylmy esasda işlenip taýýarlanandygyndadyr.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistany Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň uzak möhletleýin milli maksatnamalary ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň önümçilik binýadynyň senagatlaşdyrylmagyny, onuň häzirki zaman düzüminiň we ägirt uly serişde mümkinçilikleriniň esasynda halk hojalygynyň hil taýdan täze pudaklarynyň döredilmegini ugur edinýär. Maýa goýum işjeňligini artdyrmak, daşary döwletleriň we ýurdumyzyň telekeçileriniň maýa serişdelerini çekmek üçin amatly şertleri döretmek, möhüm ähmiýetli iri taslamalary durmuşa geçirmek maksady bilen, karz serişdeleriniň möçberlerini artdyrmak Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan ykdysady özgertmeleriň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyzyň bu ulgama berýän aýratyn ünsi esasynda içerki bähbitler nazara alnyp, durmuş ugurly çeýe ykdysady strategiýa işlenip taýýarlanyldy. Döwletimiziň dünýä ykdysady ulgamyna işjeň goşulyşmagy, halkara maliýe edaralary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda yzygiderli işler alnyp barylýar hem-de oňyn netijeler gazanylýar. Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, beýleki dünýä maliýe düzümleri öz synlarynda Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň depginlerini goldaýarlar we oňa ýokary baha berýärler.

Maslahata gatnaşyjylar häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmekde Türkmenistanyň eýeleýän işjeň orny barada aýdyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halk hojalyk toplumynyň ähli ulgamlarynda geçirýän çuňňur oýlanyşykly özgertmeleriniň ýurdumyzyň mundan beýläk-de okgunly ösüşi üçin ygtybarly şertleri döredendigini bellediler. “Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna”, “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna” hem-de “Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Döwlet maksatnamasyna” laýyklykda, nagt däl hasaplaşyklaryň möçberini giňeltmek, milli töleg ulgamynyň durnuklylygyny we banklaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak boýunça degişli çäreler geçirilýär.

Sanly ykdysadyýete geçmek işi üstünlikli amala aşyrylýar, programma üpjünçiligi işlenip taýýarlanylýar. Bank amallarynyň sanlylaşdyrylmagy diňe bir müşderilere edilýän hyzmatlaryň möçberlerini artdyrmak bilen çäklenmän, olaryň hilini ýokarlandyrmaga we sarp edilýän wagty gysgaltmaga mümkinçilik berýär. Şol bir wagtyň özünde bu çäre banklara pul akymlaryny gözegçilik etmäge, degişli çözgütleri kabul etmäge ýardam berýär. Çykyş edenler bank ulgamyna sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagynyň baş maksadynyň işiň has çylşyrymly görnüşlerini awtomatlaşdyrmakdan, maliýe-ykdysady ulgamyň işiniň tizligini ýokarlandyrmakdan, hyzmatlaryň möçberlerini, netijeliligini hem-de hilini artdyrmakdan ybaratdygyny nygtadylar. Munuň özi milli manadymyzyň ykdysadyýetdäki dolanyşygyny gowulandyrýar we dolanyşygyň çalt amala aşyrylmagy bilen, Watanymyzyň halk hojalyk toplumynda täze önümçilikleriň döremegini şertlendirýär.

Goýumçylaryň we maýadarlaryň bähbitlerini goramak arkaly olaryň bank ulgamyna ynamynyň ýokarlanmagyna gönükdirilen çäreler ýurdumyzda bu ugurda amala aşyrylýan netijeli işleriň hatarynda görkezildi. Şonuň esasynda milli manadyň häzirki zaman elektron görnüşinde hem barha işjeň dolanyşyga girizilýändigini bellemek gerek. Türkmenistanlylaryň «Altyn asyr», «Millikart», «Maşgala», «Goýum bank karty», «Owerdraft karty», şeýle hem halkara «VISA» we «MasterCard» bank kartlaryny peýdalanmagy pul dolanyşygynyň ösüşinde täze tapgyry alamatlandyrdy. Mundan başga-da, ilatyň erkin pul serişdelerini netijeli peýdalanmaklary we olaryň girdejilerini artdyrmaklary üçin depozit bank karty möhüm gural bolup hyzmat edýär. Ol töleg terminallarynyň, “Internet bank” we “Mobil bank” hyzmatlarynyň kömegi arkaly nagt däl hasaplaşyklary geçirmäge, internetiň üsti bilen goýumlaryň galan möçberlerini we gönükdirilen goýumlaryň göterimlerini kesgitlemäge mümkinçilik berýär.

Amala aşyrylýan özgertmelerde ýurdumyzyň kanunçylygynyň, şol sanda bank işini kadalaşdyrýan kanunçylyk namalarynyň döwrebaplaşdyrylmagyna möhüm orun degişlidir. Soňky ýyllaryň dowamynda döwrüň ýagdaýyny we bu ulgamda hereket edýän halkara ülňüleri nazara almak arkaly, birnäçe kadalaşdyryjy hukuk namalary işlenip taýýarlanyldy. Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň banklarynyň öňünde goýan ileri tutulýan wezipelere laýyklykda, türkmen manadynyň hümmetini berkitmek, maliýeleşdirmegiň we ilatyň goýumlarynyň möçberlerini artdyrmak boýunça yzygiderli işler geçirilýär. Halkara ülňülere laýyklykda, banklaryň maliýe hasabatlylygyna, bu ulgamyň işgärleriniň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, ugurdaş düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyna uly üns berilýär.

Bank ulgamy üçin işgärleri taýýarlamaga döwletimiziň uly üns berýändigi bellenildi. Ýaş nesle döwrebap bilim bermek hem-de geljekki ykdysatçylary ýetişdirmek üçin zerur tagallalar edilýär. Dünýäniň iri ýokary okuw mekdepleri bilen köpugurly hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Okuw meýilnamalary yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar we täze hünär ugurlary açylýar. Şeýle toplumlaýyn çäreler ýaşlaryň halkara derejede bilim almagyna we täzeçe pikirlenip bilýän, batyrgaý çözgütleri kabul etmäge ukyply hünärmenleriň kemala gelmegine ýardam berýär.

Ylmy-amaly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Olar öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin geljekde-de yhlasly zähmet çekjekdiklerine döwlet Baştutanymyzy ynandyrdylar.

Şanly sene mynasybetli guralan çäräniň çäklerinde pul birlikleriniň nusgalary, Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan Garaşsyzlyk ýyllary içinde goýberilen, gymmat bahaly metallardan taýýarlanan ýadygärlik şaýlar, milli zergärlik şaý-sepleri görkezilýän, ýurdumyzyň numizmatikasynyň taryhyna bagyşlanan maglumatlary özünde jemleýän sergi guraldy. Sergide Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplaryna aýratyn orun berildi.