TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ŞHG-NYŇ SAMMITINE HORMATLY MYHMAN HÖKMÜNDE GATNAŞMAK ÜÇIN SAMARKANDA BARDY

2022-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hormatly myhman hökmünde ŞHG sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Samarkant şäherine bardy.

Samarkant Halkara howa menzilinde Döwlet Baştutanymyzy Özbegistanyň resmi wekilleri we Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary garşy aldylar. 

Baýdak sütünlerinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary galdyryldy. Uçardan düşülýän ýerden gelýän haly ýodajygynyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi. Belent mertebeli türkmen myhmanyna gül desseleri gowşuryldy.

Ertir — 16-njy sentýabrda geçiriljek Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitiniň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow daşary ýurtly kärdeşleri — Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, şeýle-de, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Çžan Min bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.

Sammitiň meýdançalarynda guralan duşuşyklar türkmen tarapynyň deňhukuklylyk, ynanyşmak hem-de özara bähbitlilik esasynda guralýan köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmekde işjeň orun eýeleýändiginiň aýdyň beýany boldy.

Iş saparynyň birinji gününiň çäklerinde döwlet Baştutanymyz Özbegistanyň ilkinji Prezidenti Yslam Karimowyň “Hazrati Hizr” toplumyndaky mawzoleýine bardy we bu ýerde türkmen-özbek doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna, ösdürilmegine ägirt uly şahsy goşandyny goşan görnükli syýasy hem-de döwlet işgäriniň ýagty ýadygärliginiň hormatyna gül dessesini goýdy.

Agşam hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň awtoulag kerweni Hormatly myhmanlar seýilgähine ugrady. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz bag nahalyny oturtdy. Munuň özi doganlyk ýurtlaryň we olaryň halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň ýene-de bir nyşany boldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna iş sapary dowam edýär.