TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI RUMYNIÝANYŇ TÄZE BELENEN ILÇISINI KABUL ETDI

2022-nji ýylyň 23-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Rumyniýanyň Türkmenistana täze belenen Ilçisi Ion Nawal bilen duşuşygy geçirildi.

Söhbetdeşligiň barşynda R.Meredow Rumyniýanyň Ilçisini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de oňa diplomatik wezipesinde üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw etdi. Şonuň ýaly-da, iki ýurduň arasyndaky özara hereketleri pugtalandyrmagyň meseleleri, şeýle-de ikitaraplaýyn syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Abraýly sebit hem-de halkara düzümleriniň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi, şonuň ýaly-da halkara ähmiýetli başlangyçlaryň we teklipleriň özara goldanylmagynyň derwaýyslygy nygtaldy. Şu nukdaýnazardan, taraplar ikitaraplaýyn saparlar görnüşinde, şeýle-de köptaraplaýyn düzümleriň formatynda ýokary derejedäki duşuşyklaryň guralmagynyň zerurlygyny beýan etdiler.

Duşuşygyň çäklerinde, Ilçi Ion Nawal Türkmenistanyň Daşary işler ministrine ynanç hatlarynyň nusgasyny gowşurdy hem-de özüniň Türkmenistandaky diplomatik wezipesini amala aşyrýan döwründe türkmen-rumyn gatnaşyklarynyň has hem giňeldilmegi we pugtalandyrylmagy ugrunda tagallalaryny gaýgyrmajakdygyny nygtady.