TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE BMG-NIŇ ÖSÜŞ MAKSATNAMASY BILEN YLALAŞYGA GOL ÇEKIŞLIK DABARASY BOLDY

2018-nji ýylyň ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň arasynda Birleşen Milletler Guramasyna jaý bermek hakyndaky Ylalaşyga» gol çekişlik dabarasy boldy. Gol çekişlik dabarasyna BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň we BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň işgärleri we ýolbaşçylary hem-de Daşary işler ministrliginiň işgärleri gatnaşdylar.

Türkmen tarapy halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar diýip nygtap geçdi. Şu nukdaý-nazardan döwletiň Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzüm bölekleri bilen strategiki hyzmatdaşlygynyň orny bellenilip geçildi. Taraplar ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmäge gönükdirilen üstünlikli taslamalary we Türkmenistanyň başlangyçlaryny belläp geçdiler.

BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Ýelena Panowa türkmen tarapyna we Türkmenistanyň Prezidentine hemişelik goldawlary üçin minnetdarlyk bildirdi we täze jaýlar öňde goýlan maksatlary we wezipeleri durmuşa geçirmekde BMG-niň ähli wekilhanalary üçin esas bolar diýip belläp geçdi.