TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE HINDISTAN RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYK

2018-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň öz diplomatik wezipesini tamamlaýan Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi j-p Thatipamula Wenkata Nagedra Prasad bilen duşuşygy boldy. 

Ilçi işlän döwründe Ilçihananyň işine berilen ýardam we goldaw üçin türkmen tarapyna çyn ýürekden minnetdarlygyny bildirdi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan we Hindistan Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Taraplar geljekde dostlukly döwletleriň arasynda syýasy-ykdysady hyzmatdaşlygyň has-da ösdürilmegine ýardam berjek Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TAPI) gaz geçirijisini durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki tagallalaryň utgaşdyrylmagyna aýratyn üns berdiler.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen tarapy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň we özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň berkidilmegine ähmiýetli goşandy üçin Hindistan Respublikasynyň Ilçisine minnetdarlygyny bildirdi.