AŞGABATDA BELARUS RESPUBLIKASYNYŇ MEDENIÝET GÜNLERI AÇYLDY

2018-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Bu iri möçberli medeni çäre türkmen-belarus diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygyna gabatlanyp geçirilýär.

Medeni çärä gatnaşmak üçin Aşgabada Belarusuň medeniýet we sungat ussatlarynyň wekilçilikli topary geldi. Medeniýet günleriniň açylyş dabarasyna medeniýet ulgamynyň, ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, Aşgabatda işleýän diplomatik düzümleriň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary gatnaşdylar.

Belarusuň wekiliýetiniň adyndan dostlukly döwletiň medeniýet ministriniň orunbasary Aleksandr Ýasko ýygnananlary gutlap, bu gezekki çäräniň iki doganlyk halkyň dostluk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynda, olaryň medeniýetleriniň özara baýlaşmagynda uly ähmiýetini belledi.

 Soňra türkmen tarapyna Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasyna “Fransisk Skorinanyň kitap mirasynyň” faksimil neşiriniň sowgat berilýändigi baradaky şahadatnama dabaraly ýagdaýda gowşuryldy, bu sowgadyň taýýarlanylmagy belarus we gündogar slawýan kitap neşir işiniň 500 ýyllygyna gabatlanyldy. 22 jiltlik eserleriň ýygyndysynda belarus taryhynyň we medeniýetiniň gymmatlyklary bilen tanyşdyrýan eserler jemlenendir.

Açylyş dabarasy tamamlanandan soňra, belarus sungat ussatlarynyň, Belarus Respublikasynyň belli döredijilik toparlarynyň konserti boldy. Baýramçylyk konsertini Belarusuň halk artisti Walentin Dudkewiçiň ýolbaşçylygyndaky Belarus Respublikasynyň Döwlet akademiki tans toparynyň aýdyň öwüşginli çykyşy açdy. Belarus Respublikasynyň halk artisti Ýelena Telkowanyň ýolbaşçylygyndaky “Kupalinka” folklor toparynyň çykyşlary halk döredijiliginiň pähimliligini hem-de özboluşlylygyny açyp görkezdi. Türkmen tomaşaçylary ýurdumyzyň dosty, meşhur “Sýabry” toparynyň çeper ýolbaşçysy, Belarus Respublikasynyň halk artisti Anatoliý Ýarmolenkony mähirli garşyladylar. Konsert Belarusa baryp görmäge çagyryş aýdymy bilen tamamlandy.

Medeniýet günleriniň çäklerinde Mukamlar köşgüniň eýwanynda Belarus telegraf agentliginiň “Belarus - 2017” atly fotosurat sergisi açyldy. Onda BELTA-nyň suratçy habarçylarynyň kyrkdan gowrak işi görkezilýär, olar Belarus Respublikasynyň durmuşynyň dürli ugurlaryny: 2017-nji ýylyň uly ähmiýetli we iň möhüm syýasy wakalaryny, dostlukly ýurduň senagat, durmuş we syýahatçylyk ulgamlarynda ýeten sepgitlerini beýan edýär. Aýry-aýry fotoişler türkmen-belarus gatnaşyklarynyň ösüşine bagyşlanýar.

25-nji ýanwarda medeni çäräniň çäklerinde Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda iki ýurduň medeniýet işgärleriniň döredijilik duşuşygy geçiriler. “Aşgabat” kino merkezinde belarus çeper filmleriniň görkezilişi bolar.  Myhmanlar üçin türkmen paýtagtynyň ajaýyp künjekleri, halkymyzyň taryhy-medeni mirasy bilen tanyşmak boýunça baý medeni maksatnama taýýarlanyldy.