TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ PARLAMENT WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK

2018-nji ýylyň 19-njy ýanwarynda Türkmenistanyň DIM-nde Daşary işler ministri R.Meredowyň Koreýa-Türkmenistan parlament dostluk toparynyň Prezidenti Park De Çulyň ýolbaşçylygyndaky Koreýa Respublikasynyň parlamentiniň wekiliýeti bilen duşuşygy boldy.

Duşuşygyň başynda ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň ýokary görkezijilerini belläp, taraplar parlamentara gatnaşyklaryny we geljekde iki ýurduň parlamentleriniň arasynda özaragatnaşyklaryny ösdürmäge ygrarlylygyny bellediler. Mundan başga-da taraplar ýaragsyzlandyrmak, köpçülikleýin gyryş ýaraglaryny ýaýratmaga garşy göreşmekde we ýadro ýaragyndan azat zolaklary döretmek boýunça bilelikdäki tagallalary bellediler. Halkara guramalarynyň çäginde hyzmatdaşlygyna degişlilikde, taraplar bu ugur boýunça özara gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň tarapdarydyklaryny aýtdylar.

Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň ýokary görkezijilerini belläp, taraplar özarabähbitli gatnaşyklary ösdürmek boýunça Söwda, ykdysadyýet we ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy boýunça hökümetara toparynyň wajyp ähmiýetini bellediler. Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň işewürler toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary artdyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Energetika, gurluşyk we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly gyzyklanmalar bellenildi.

Ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda iki dostlukly ýurtlaryň arasynda netijeli ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek barada aýdyldy. Medeni-ynsanperwer ulgamyndaky gatnaşyklarynyň uly mümkinçiliklerini bellemek bilen, taraplar bu ugur boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurlygyny tekrarladylar.