«EKSPO-2020 DUBAÝ» BÜTINDÜNÝÄ SERGISINIŇ GURAMAÇYLARY BILEN WIDEOMASLAHAT GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklary ministri O.Gurbannazarowyň hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň “EKSPO-2020 Dubaý” Bütindünýä sergisiniň halkara gatnaşyjylar boýunça utgaşdyrjysy Omar Şehadeh bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.

Gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky giň gerimli hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini bellediler we döwletleriň arasynda söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň nukdaýnazaryndan, Dubaýda geçiriljek “EKSPO-2020” halkara serginiň ähmiýetini ara alyp maslahatlaşdylar.

Hususan-da, agzalan uly möçberli çärä Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagy bilen bagly guramaçylyk meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar Türkmenistanyň “EKSPO-2020” halkara sergä gatnaşmagynyň diňe bir türkmen-emirlik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmäge goşant goşman, eýsem dünýä jemgyýetçiligine Türkmenistanyň ykdysady gazananlary bilen ýakyndan tanyşmaga we türkmen halkynyň baý medeniýeti barada gürrüň bermäge mümkinçilik berer.