AŞGABATDA HAZAR DEŇZINIŇ GÜNI MYNASYBETLI YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenistanyň Oba hojalyk toplumynda «Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramak boýunça hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Hazar deňziniň gününe bagyşlanyp geçirilen maslahata Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri, Hazar deňzi institutynyň direktory, şeýle-de ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn düzümleriniň hünärmenleri gatnaşdylar. Mundan başga-da çärä Hazarýaka ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçihanalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şol sanda ýurdumyzda işleýän halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň hünärmenleri hem gatnaşdylar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw baradaky maksatnamasynyň (UNEP) Ýewropa boýunça sebitleýin edarasynyň wekili, Tähran konwensiýasynyň wagtlaýyn sekretariatynyň sebitleýin utgaşdyryjysy, Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasynyň Merkezi Aziýa sebiti boýunça sebitleýin edarasynyň utgaşdyryjysy, Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça   jemgyýetiniň «Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegini nazara almak bilen ýer serişdelerinden integrirlenen peýdalanmak» maksatnamasynyň ýolbaşçysy hem-de Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologik meseleleri boýunça merkeziniň Ýerine ýetiriji direktory maslahata wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşdylar.

Maslahata gatnaşyjylar Hazar deňzinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi we pugtalandyrylmagy bilen bagly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şu nukdaýnazardan, gatnaşyjylar sebitiň ýurtlarynyň bäştaraplaýyn, edil şonuň ýaly-da iki we üçtaraplaýyn görnüşdäki özara hereketleriniň hem has-da işjeňleşdirilmeginiň derwaýyslygyny nygtadylar.

Sebitde döredilen hyzmatdaşlygyň bäştaraplaýyn gurallaryna gatnaşmagyň hem-de köpugurly gatnaşyklaryň täze görnüşleriniň ilerledilmeginiň Türkmenistanyň Hazar deňzi boýunça durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýandygy aýratyn bellenildi.

Altynjy Hazar sammitine taýýarlyk görmek, şeýle-de Sammitiň dowamynda gol çekilmegi meýilleşdirilýän resminamalar bukjasynyň işlenilip düzülmegi hem-de ylalaşylmagy boýunça bilelikdäki hereketleriň işjeňleşdirilmegi ara alyp maslahatlaşmalaryň aýratyn temasy boldy.