MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ PARLAMENTARIÝLERINIŇ ÝHHG-NIŇ PA-NYŇ BAŞLYGY BILEN ONLAÝN MASLAHATLAŞMALAR GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 9-njy iýunynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň başlygy G.Tsereteli bilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly maslahatlaşmalary geçirildi. Onlaýn-sessiýada türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň orunbasary wekilçilik etdi.

Mejlisde sebit meseleleri boýunça giňişleýin ara alyp maslahatlaşmalar geçirildi we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň parlamentariýleri ÝHHG-niň PA-sy bilen maksadalaýyk özarahereketleriň dowam etdirilmegi boýunça pikirleri alyşdylar.

Web-gepleşikleriň barşynda ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň Baş Sekretary R.Montellanyň ÝHHG-niň PA-nyň öňde duran wezipeleri baradaky täzelenen maglumatlary, şonuň ýaly-da Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň wekiliýetleriniň ýolbaşçylarynyň ýerli hem-de sebit derejesindäki ykdysady ösüş, kanunçylyk özgertmeleri, saýlawar ýaly ulgamlarynda alyp barýan işleri, sebitleýin hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi, parlamentariýleriň ÝHHG-niň PA-nyň işine gatnaşyklarynyň ýygjamlaşdyrylmagy hem-de parlament gatnaşyklary dogrusyndaky çykyşlary diňlenildi. 

Mundan başga-da, işjeň hem-de mazmuna baý ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda duşuşyga gatnaşyjylar COVID-19 pandemiýasy zerarly ýüze çykan çökgünlik bilen bagly bolan meseleleriň giň toplumyna hem seredip geçdiler. Bu ugurda gatnaşyjy-döwletleriniň her biriniň geljekde taýýarlyklaryny, durnuklylyklaryny we jogap hereketlerini ýokarlandyrmagyň özboluşly usuly hökmünde ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň yzygiderli onlaýn-gepleşikler arkaly tejribäniň, şonuň ýaly-da öňdebaryjy bilimleriň utgaşdyrylmagy we alyşylmagy bilen özara goldawy ýaýbaňlandyrýandygy hem aýratyn bellenilip geçildi. 

Çykyşlaryň dowamynda türkmen tarapy Türkmenistanyň Hökümetiniň, şonuň ýaly-da Mejlisiň häzirki çylşyrymly döwürde durmuşa geçirýän işjeň häsiýetli hereketleriniň ähmiýetli derejede dünýä jemgyýetçiliginiň hereketleri bilen utgaşdyrylan hem-de dünýäniň ähli ilatyny durnukly howplaryň giň toplumyndan çäklendirmäge hem-de raýatlaryň esasy hukuklarynyň goraglylygyny üpjün etmäge we ykdysadyýetleriň uzakmöhletleýin dikeldilmegini hemmetaraplaýyn goldamaga ukyply bolan jogap çäreleriniň işlenilip düzülmegine ýardam edýändigini aýratyn nygtady.