DAŞARY SYÝASAT EDARASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY SANKT-PETERBURG ŞÄHERINIŇ HÖKÜMETINIŇ AGZASY BILEN GEPLEŞIKLERI GEÇIRDI

2020-nji ýylyň 5-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Sankt-Peterburg şäheriniň Hökümetiniň agzasy – Daşary aragatnaşyklar komitetiniň başlygy Ý.Grigorýew bilen onlaýn gepleşikleri geçirildi. Duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministri S.Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar ikitaraplaýyn türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň meselelerini hem-de ýurdumyzyň Russiýa Federasiýasynyň sebitleri bilen işjeň häsiýete eýe bolan özarahereketlerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministri S.Berdimuhamedowyň şu ýylyň fewralynda Sankt-Peterburg şäherine bolan iş saparynyň dowamynda türkmen wekiliýeti sebitiň senagat kärhanalarynyň we gurluşyk kompaniýalarynyň birnäçesiniň işi bilen tanyş boldy hem-de ikitaraplaýyn resminamalaryň ençemesine gol çekildi.

Şeýle-de, şu ýylyň fewralynda Sankt-Peterburg şäheriniň Gubernatorynyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli toparynyň Türkmenistana saparynyň barşynda “Gepleşikleriň jemleri boýunça Teswirnama” gol çekildi, resminama laýyklykda «Türkmenistanyň Hökümetiniň we Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäheriniň Hökümetiniň arasynda 2020-2025-nji ýyllar üçin söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmegiň çäreleriniň Meýilnamasy «Ýol kartasy» tassyklanyldy.  Bu resminama öz nobatynda özarabähbitli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça bähbitli gatnaşyklaryň geljekki mümkinçiliklerini kesgitleýändir.

Mundan başga-da, häzirki wagtda Sankt-Peterburgyň kompaniýalary Türkmenistanda ýol-ulag infrastrukturasynyň, şol sanda sile garşy desgalaryň taslamalaşdyrylmagy we gurluşygy ýaly ähmiýetli ugurlarda netijeli işleýärler, şonuň bilen birlikde senagat, gämi gurluşygy, tehnologiýalar we innowasiýalar ýaly ulgamlardaky hyzmatdaşlyk hem has-da işjeňleşdirilýär. Duşuşygyň barşynda taraplar ulag, gurluşyk we gurluşyk önümçiligi ulgamynda hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi boýunça takyk hereketleri kesgitlediler.

Dünýä derejesindäki çylşyrymly ýagdaýlar bilen baglylykda, söhbetdeşler pandemiýanyň garşysyna göreşmekde halkara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmeginiň zerurlygyny nygtadylar we bu ugurda Türkmenistanyň Prezidentiniň ylmy diplomatiýanyň netijeli gurallarynyň hemmetaraplaýyn ilerdilmegi ugrunda Alym-lukmanlaryň geňeşiniň döredilmegi baradaky başlangyjynyň aýratyn ähmiýeti bellenilip geçildi.

Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň ylmy edaralarynyň arasynda ynsanperwer häsiýetli gatnaşyklar sazlaşykly alnyp barylýar. Türkmenistanda Sankt-Peterburg şäheriniň medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmaklarynda dürli çäreler yzygiderli geçirilýär.