TÜRKMENISTANYŇ WEKILI BÜTINDÜNÝÄ UMMANLAR GÜNÜNE BAGYŞLANAN ONLAÝN MASLAHATYNA GATNAŞDY

2020-nji ýylyň 4-nji iýunynda «Gök ykdysadyýet we COVID-19 pandemiýasy: Täze wehimler, dikeltmek we durnuklylyk boýunça çäreler» tema boýunça Bütindünýä ummanlar gününe bagyşlanan onlaýn görnüşindäki maslahat geçirldi. Bu çärede türkmen tarapyna Hazar deňzi institutynyň direktory M.Atajanow wekilçilik etdi.

Bu çäräniň guramaçysy bolup, Halkara ummanlar instituty çykyş etdi. Maslahatyň barşynda oňa gatnaşyjylar täze koronowirus ýokanjynyň “Gök ykdysadyýete” we Dünýä ummanyna, şol sanda kenarýaka döwletlere we adalara  ýetirýän ýaramaz zyýany boýunça barlag işleriniň netijeleri bilen tanyşdyryldy.

Bu sebitlerde sosial, ykdysady, we ekologiki ýagdaýlaryny gaýtadan dikeltmek bilen bagly meseleler boýunça pikir alşyldy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan halkara başlangyçlarynda işjeň çykyş etmek bilen, ekologiýany goramaklyk meselelerine aýratyn üns berýändir.