TDIM-NIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA ENERGETIKA HARTIÝASYNYŇ BAŞ SEKRETARYNYŇ GATNAŞMAGYNDA WIDEOKONFERENSIÝA GURNALDY

2020-nji ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Energetika Hartiýasynyň Baş Sekretary Urban Rusnak göni wideoaragatnaşyk arkaly leksiýa bilen çykyş etdi.

Energetika Hartiýasynyň alyp barýan işine we onuň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyna bagyşlanan leksiýa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary gatnaşdylar.

Okuw sapagynyň barşynda doktor Urban Rusnak Energetika Hartiýasy bilen Türkmenistanyň arasynda ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň taryhyna we ýurdumyzyň bu guramanyň işine işjeň gatnaşmagyna aýratyn ünsi çekdi. Şeýle-de Türkmenistanyň hemişelik Bitarap ýurt hökmünde dünýäde ähli ugurlar babatynda deňhukukly hem-de hoşniýetli gatnaşyklaryň ýola goýulmagy babatynda ählumumy tagallalary aýratyn nygtalyp geçildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň energetika diplomatiýasy babatdaky başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde dünýädäki iri halkara energetika guramalary, has takygy Energetika Hartiýasy bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýetiniň barlygy hem bellenildi.

Geçirilen wideokonferensiýanyň dowamynda doktor Urban Rusnak talyplar bilen Türkmenistanyň energetika hyzmatdaşlygyndaky ähmiýetli orny, BMG tarapyndan ykrar edilen hemişelik bitarap ýurt hökmünde energiýa howpsuzlygyny üpjün etmekdäki başlangyçlary, geljekde dünýäde energiýanyň sarp edilişiniň depgini barada giňişleýin sorag-jogap alyşdy.