AHAL WELAÝATYNDA HALKARA BITARAPLYK GÜNI MYNASYBETLI MASLAHAT GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 9-njy dekabrynda Türkmenistanyň Ahal welaýat häkimligi hem-de Daşary işler ministrliginiň Ahal welaýaty boýunça wekilhanasy tarapyndan Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň şanly 24 ýyllygy mynasybetli Ahal welaýatynyň Änew şäherçesinde ýerleşýän Ak Bugdaý muzeýinde dabaraly maslahat geçirildi.

Dabaraly maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýadaky öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň wekili, şeýle hem Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary, häkimligiň, TDIM-iň Ahal welaýaty boýunça wekilhanasynyň, syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň şanly 24 ýyllygy mynasybetli geçirilen maslahatda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň daşary syýasatynda alnyp barylýan ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň işjeňligi hem-de Halkara Bitaraplyk gününiň ähmiýeti barada nygtap geçdiler.

Şeýle hem, Türkmenistan döwletimiziň bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanyp, Milli Liderimiziň hut özüniň çuňňur paýhasly çemeleşmeleri bilen sebit meselelerini çözmekde, ýakyn goňşy we dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklaryny has-da berkitmekde ýetilen belent sepgitler barada giňişleýin belläp geçdiler we 2019-njy “Türkmenistan-rowaçlygyň watany” ýylynda Hormatly Prezidentimiziň içeri we daşary syýasatynyň ugurlary boýunça alyp barýan beýik işlerinde rowaçlyklary arzuw etdiler.