TÜRKMENISTAN WE RUSSIÝA KÖPUGURLY HYZMATDAŞLYGY SAZLAŞYKLY GIŇELDÝÄRLER

2019-njy ýylyň 11-nji awgustynda Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy D.Medwedewiň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli rus wekiliýeti Birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak üçin Türkmenbaşy şäherine geldi.

12-nji awgustda RF-niň Hökümetiniň Başlygy Forumyň dabaraly açylyşynyň çäklerinde «Hazar deňzi: Halkara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň bähbitleri» atly Halkara maslahatyna gatnaşdy.

Şeýle hem Dmitriý Medwedewiň we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar türkmen-rus gatnaşyklarynyň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ugurlarynyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar ýurtlaryň arasyndaky haryt dolanşygyny artdyrmagyň, şeýle hem ulag we energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri boýunça pikir alyşdylar. Birinji Hazar ykdysady forumynyň gatnaşyjy ýurtlaryň işewürler toparynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine ähmiýetli goşant goşjakdygy hem aýratyn bellenilip geçildi.

RF-niň Hökümetiniň Başlygy D.Medwedew şeýle hem Birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanan medeni maksatnamanyň çärelerine gatnaşdy.