TÜRKMENISTANDA HAZAR DEŇZI INSTITUTY DÖREDILDI

2019-njy ýylyň 9-njy awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti “Hazar deňzini döretmek hakyndaky” Permana gol çekdi.

Permana laýyklykda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasynyň işi bes edildi we Hazar deňzi instituty onuň hukuk oruntutary diýlip kesgitlenildi.

Institut Hazar deňzi sebitinde hyzmatdaşlygy ösdürmek, dürli ugurlar boýunça alnyp barylýan işleri seljermek, deňizde ylmy barlaglary geçirmek, Hazar deňzi bilen bagly halkara hukuk we milli resminamalary taýýarlamak, şeýle hem Türkmenistanda Hazar meseleleri boýunça halkara şertnamalarynyň ýerine ýetirilişine syn etmek we Hazar deňzine degişli bolan ugurdaş usulyýet maglumatlaryny taýýarlamak maksady bilen döredilendir.