TÜRKMENISTAN BILEN RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ ARASYNDA STRATEGIK HYZMATDAŞLYK HAKYNDAKY ŞERTNAMANYŇ TASSYKLANANDYGY BARADA HATLARY ALYŞMAKLYK GURNALDY

2018-nji ýylyň 11-nji awgustynda 5-nji Hazar  sammitiniň öňüsyrasynda Aktau şäherinde 2017-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda W.W.Putiniň Türkmenistana resmi saparynyň dowamynda  Aşgabatda gol çekilen, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnamanyň tassyklanandygy baradaky hatlary alyşmak dabarasy boldy.

Hatlary alyşmak baradaky degişli Teswirnama iki ýurduň Daşary işler ministrleri tarapyndan gol çekildi.

Bu resminama Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan hem-de Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagy tarapyndan tassyklanyldy.

Iki döwletiň strategiki hyzmatdaşlygynyň uzak möhletleýin we durnukly gatnaşyklary Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ähli ugurlarda  ösdürmeklige gönükdirlendir.

Bellenilen Şertnama tassyklaýyş hatlary alşylan gününden, ýagny 2018-nji ýylyň 11-nji awgustyndan güýje girýär.