MOSKWA DÖWLET HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA, MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ 300-ÝYLLYGYNA BAGYŞLANYP TEGELEK STOL WE SERGI GEÇIRILDI

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasy Moskwa döwlet halkara gatnaşyklary institutynda (MDHGI) bilim alýan türkmen talyplarynyň jemgyýetçilik guramasy bilen bilelikde, agzalan okuw mekdebiniň binasynda türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry we Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň 300-ýyllygyna bagyşlap 2024-nji ýylyň 21 martynda Tegelek stol çäresini geçirdi.

Bu dabaraly çärä  Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi E.M. Aýdogdyýew, MDHGI-ň ýaşlar syýasaty, durmuş meseleleri we halkara aragatnaşyklar boýunça prorektory S.I. Surowsew, bu okuw mekdebiniň alymlary, mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Tegelek stola gatnaşyjylar söz ussady bolan nusgawy şahyryň döredijiligindäki çeperçilik, ynsanperwerlik, ahlak gymmatlyklaryna aýratyn baha berdiler hem-de ýurduň ýaş neslini terbiýelemekde akyldary eserleriniň tapylgysyz hazynadygyny bellediler.

Tegelek stol çäresi tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçisi E.M. Aýdogdyýew bilen MDHGI-ň rektory A.W. Torkunowyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi.

Ýolbaşçylaryň dostlukly duşuşygy MDHGI-ň Atriumynda ýaýbaňlandyrlan amaly-haşam sungatynyň, Türkmenistanyň taryhyndan we şu günki ýeten belent sepgitlerinden gürrüň berýän surat kartinalaryň we kitaplaryň, şeýle hem “Magtymguly Pyragynyň arzuw eden ýurdy” atly fotosessiýadan ybarat bolan sergini synlamak bilen dowam etdirildi. Sergide Diplomatlar gutlag sözi bilen çykyş etdiler hem-de ähli gatnaşyjylar bilen birlikde serginiň eksponatlaryny synladylar.

Baýramçylyk çäresiniň ahyrynda bu çärä gatnaşyjylara milli türkmen tagamlary hödür edildi.