TÜRKMENISTAN WE ÖZBEGISTAN AWTOULAG ARKALY ÝÜK DAŞAÝJYLAR ÜÇIN WIZA DÜZGÜNLERINI ÝEŇILLEŞDIRMEK MESELELERINI MASLAHATLAŞDYLAR

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň, “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň, Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri Özbegistanyň Daşary işler we Ulag ministrlikleriniň wekilleri bilen sanly ulgam arkaly gepleşikleri geçirdiler.

Duşuşygyň dowamynda taraplar iki döwletiň awtoulag arkaly halkara ýük daşaýjylaryna wiza düzgünlerini ýeňilleşdirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada “Türkmenawtoulaglary” agentligi habar berýär.

Häzirki wagtda türkmen tarapy bar bolan düzümleriň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, söwda we serhetüsti geçiş işlerini ýeňilleşdirmek arkaly goňşy ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek ugrunda işjeň iş alyp barýar.