AŞGABATDA GOŞULYŞMAZLYK HEREKETINIŇ AGZA ÝURTLARYNYŇ LUKMANÇYLYK WE SANITARIÝA EDARALARYNYŇ ÝÖRITE MASLAHATY GEÇIRILÝÄR

Şu gün, 2023-nji ýylyň 8-nji dekabrynda, Aşgabat şäherinde «Jemgyýetçilik saglygy goraýyşda ýüze çykýan howplara taýýarlyk we olara garşy göreşmek meseleleri boýunça Goşulyşmazlyk Hereketiniň agza ýurtlarynyň hyzmatdaşlygy» atly lukmançylyk we sanitariýa edaralarynyň ýörite maslahatynyň öz işine başlaýar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi mälim edýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow halkara maslahata gatnaşyjylara Gutlag iberdi. Onda dünýäniň 120 döwletini özüne birleşdirýän Goşulyşmazlyk Hereketiniň agza ýurtlarynyň arasynda pandemiýa hem-de pandemiýadan soňky dikeldiş döwründe toplanan tejribelere esaslanýan hyzmatdaşlygy has-da berkitmek we işjeňleşdirmek, hususan-da, lukmançylyk, sanitariýa ugurlary boýunça alnyp barylýan işleri yzygiderli kämilleşdirmek boýunça tagallalary utgaşdyrmakda bu maslahatyň ähmiýetiniň uly boljakdygyna berk ynam bildirilýär.

“Biz daşary syýasy strategiýamyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda Goşulyşmazlyk Hereketiniň agza ýurtlary we dünýä döwletleri, iri halkara institutlar, aýratyn-da, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen hyzmatdaşlygy täze mazmunly gatnaşyklar esasynda has-da işjeňleşdirmegiň tarapdary bolup çykyş edýäris” diýlip, hatda bellenýär.

Şeýle hem Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarda Goşulyşmazlyk Hereketiniň ählumumy parahatçylygy, dostlugy, ynanyşmagy pugtalandyrmaga, belent ynsanperwer gymmatlyklary dabaralandyrmaga gönükdirilen esasy ýörelgelerine pugta eýerýändigi bellenýär.