TÜRKMEN TALYPLARY MOSKWADA GEÇIRILEN MATEMATIKA BOÝUNÇA HALKARA OLIMPIADADA 20 MEDAL GAZANDYLAR
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, Halkara ynsanperwer bilimleri we ösüş uniwersitetiniň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyp ýaşlary Moskwada geçirilen matematika boýunça halkara olimpiadada 20 medal gazandylar.
Russiýanyň Halklaryň dostlugy uniwersiteti tarapyndan guralan olimpiada Türkmenistandan, Russiýadan, Hytaýdan, Azerbaýjandan, Alžirden, Belarusda, Beýik Britaniýadan, Sloweniýadan, Täjigistandan, Özbegistandan we Fransiýadan 30 uniwersitetiň 120-den gowrak talyby gatnaşdy.
Şahsy görnüşde geçirilen bäsleşiklerde çylşyrymly matematiki meseleleri çözmek üçin 4 sagat wagt berildi. Intellektual çempionatyň netijesinde türkmen talyplary 6 altyn, 10 kümüş we 4 bürünç medal gazandylar.
Olimpiada geçirilen uniwersitetde ýörite konsert guralyp, onda gatnaşyjy ýurtlaryň milli tanslary ýerine ýetirildi.