TÜRKMENISTAN BMG-NIŇ 2024 - 2028-NJI ÝYLLAR ÜÇIN ILAT WE ÖSÜŞ KOMISSIÝASYNYŇ AGZALYGYNA SAÝLANDY

5-nji dekabrda geçirilen BMG-niň Ykdysady we durmuş geňeşiniň (EKOSOS) nobatdaky mejlisinde Türkmenistan biragyzdan BMG-niň 2024 - 2028-nji ýyllar üçin Ilat we ösüş komissiýasynyň agzalygyna saýlandy. Bu barada Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy habar berýär.

Türkmenistan bu komissiýanyň düzümine 2016 - 2020, 2020 - 2024-njy ýyllar döwri üçin hem yzygiderli saýlanypdy.

Ilat we ösüş komissiýasy BMG-niň Ykdysady we durmuş geňeşiniň hereket edýän komissiýalarynyň biri bolup, ol Geňeşiň ilat we statistika pudagyndaky meseleler we ýörelgeler, bu ugurda global strategiýalaryň milli we sebit maksatnamalaryna we meýilnamalaryna goşulyşmagy ýaly meseleler boýunça utgaşdyryjy we maslahat beriji edarasy bolup durýar.

Komissiýanyň hemişelik sekretariaty BMG-niň Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça müdiriýetiniň Ilat bölümi bolup durýar.

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti komissiýanyň her ýyl Nýu-Ýork şäherinde geçirilýän mejlislerine gatnaşýarlar.