«TATARYSTAN RESPUBLIKASY» GAZETINIŇ WE TÜRKMENISTANYŇ DEGIŞLI GAZETINIŇ ARASYNDA ŞERTNAMA BAGLAŞMAK BARADA PIKIR ALŞYLDY
Türkmenistanyň Baş konsullygynyň habar bermegine görä, 2023-nji ýylyň 16-njy noýabrynda Türkmenistanyň Kazandaky baş konsuly Güýç Garaýew bilen «Tatarystan Respublikasy» gazetiniň baş redaktory Alekseý Ugarowyň arasynda duşuşyk geçirildi.
HHM-niň habar berşi ýaly, duşuşykda baş konsul Güýç Garaýew baş redaktor Alekseý Ugarowa Türkmenistanda daşary ýurt habarçysy hökmünde akkreditasiýa şahadatnamasyny gowşurdy.
Soňra taraplar Türkmenistanyň möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakalaryny Tatarystanyň metbugatynda şöhlelendirmegiň, şol sanda «Tatarystan Respublikasy» gazeti bilen hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem taraplar iki ýurduň habarçylarynyň arasynda tejribe alyşmagy, žurnalistika hünärinde okaýan talyplar üçin onlaýn leksiýalary guramak, «Tatarystan Respublikasy» gazetiniň we Türkmenistanyň degişli gazetiniň arasynda şertnama baglaşmak barada pikir alyşdylar.
Alekseý Ugarow 1996-njy ýyldan bäri žurnalistika pudagynda işleýär. «Tatarystan Respublikasy» gazetiniň baş redaktory wezipesine bellenmezinden ozal, ol «Tatar-inforum» habarlar gullugynda baş redaktor wezipesini ýerine ýetiripdi.
2023-nji ýylyň iýunynda A.Ugarow «Tatarystan Respublikasy» gazetiniň baş redaktory wezipesine bellendi. Bu gazetiň esaslandyryjylary Döwlet Geňeşi we Tatarystan Respublikasynyň Hökümetidir.