GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW OLEG KONONENKO ŞOWLY WE HOWPSUZ UÇUŞY ARZUW ETDI

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Gahrymany, kosmos işi boýunça «Roskosmos» döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawt-synagçysy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko we öz ömrüni kosmonawtika bilen baglan ähli adamlara bütin adamzadyň ösüşine gönükdirilen gaýduwsyz zähmeti üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Häzirki zaman dünýäsinde kosmonawtika düýpli ylmy barlaglary talap edýän we ýokary tehnologiýalar pudagydyr. Kosmos we ýer hadysalarynyň arasyndaky özara baglanyşygyň öwrenilmegi, kosmos barlaglarynyň geçirilmegi, onuň netijeleriniň iş ýüzünde peýdalanylmagy innowasion tehnologiýalaryň ösüşiniň çeşmesi bolup hyzmat edýär. Hut kosmosyň öwrenilmegi netijesinde, biziň durmuşymyzda adamlaryň ýaşaýşyny ýeňilleşdirýän, senagat ösüşini üpjün edýän täze işläp taýýarlamalar ýüze çykýar. Köp adamlar üçin kosmonawtlaryň ylmy-barlag işleri uly gyzyklanma döredýär.

Men Siziň «TASS» habarlar agentliginiň ýörite habarçysy hökmünde Halkara kosmos stansiýasyna meýilleşdirýän täze kosmos ekspedisiýaňyz baradaky habary watandaşyňyz hökmünde buýsanç duýgusy bilen kabul etdim. Siziň işleriňiziň netijesiniň köp millionly okyjylaryň älem giňişligine akyl ýetirmeginde möhüm maglumat çeşmesi boljakdygyna ynanýaryn - diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow Oleg Kononenko iberen hatynda belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Oleg Kononenko berk jan saglyk, abadançylyk, şowly we howpsuz uçuşy arzuw etdi.