HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW BÜTINDÜNÝÄ WELOSIPED GÜNI MYNASYBETLI GURALAN WELOSIPEDLI ÝÖRIŞE GATNAŞDY

Şu gün, 2023-nji ýylyň 3-nji iýunynda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow halkara baýramy – Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy, bu çäre paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň ýaşaýjylaryň müňlerçesini özünde jemledi. 

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 82-nji plenar mejlisinde 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan eden Kararnamanyň kabul edilmegi Türkmenistanyň sporty we bedenterbiýede sagaldyş hereketini, bu ulgamda döwletleriň we halklaryň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmekde, jemgyýetde ekologiýa medeniýetini kemala getirmekde eýeleýän öňdebaryjy ornuna dünýä bileleşiginiň ýokary baha berýändiginiň subutnamasydyr. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri diýip atlandyrylan ösüşiň häzirki tapgyrynda halkymyzyň, ozaly bilen bolsa ösüp gelýän nesliň saglygyny goramagy ilkinji derejeli möhüm wezipe hökmünde kesgitlän döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň hem-de ýokary netijeli sportuň ösdürilmegine uzakmöhletleýin umumymilli maksatnama hökmünde ähmiýet berdi. 

Şu maksatlar bilen, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde häzirki zaman bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary, köpugurly stadionlar, sport mekdepleri, türgenleşik zallary hem-de zerur bolan ähli enjamlar bilen üpjün edilen beýleki ugurdaş desgalar bina edildi we olaryň gurluşygy dowam etdirilýär. Türgenleri, hünärmenleri we tälimçileri taýýarlamagyň, ýaryşlary geçirmegiň usulyýetleri kämilleşdirildi. 

Bedenterbiýe we sport billen meşgullanmak ynsan abadançylygynyň, onuň mümkinçilikleriniň doly açylmagynyň möhüm we üýtgewsiz şertidir. Ýurdumyzyň ösüşiniň täze eýýamynda ähli ýaşdaky we dürli hünärli watandaşlarymyzyň mýňlerçesini jebisleşdirýän köpçülikleýin sport çäreleriniň, bag ekmek dabaralarynyň, welosipedli ýörişleriň, jemgyýetçiligiň ekologiýa talaplaryny berjaý etmekde jogapkärçiligi duýmaga çagyrýan awtoulagsyz günleriň yzygiderli geçirilmeginiň däbe öwrülmegi jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar bolmagyna ýardam berýär. 

Şonuň ýaly çäreler ilatyň saglygynyň berkidilmegine, ekologiýa abadançylyk derejesiniň ýokarlandyrylmagyna hem-de welosiped sportunyň wagyz edilmegine ýardam berýär, şeýle hem sagaldyş we terbiýeçilik ähmiýeti bilen bir hatarda dynç almagy wagyz ediş wezipeler bilen utgaşdyryp, aýratyn ýokary ruh güýjüni berýär. 

Döwlet Baştuanymyz Serdar Berdimuhamedowyň Bütindünýä welosiped gününe gabatlanyp geçirilýän baýramçylyk çärelerine gatnaşmagy bolsa diňe bir şu günki wakanyň derejesini artdyrmak bilen çäklenmän, milletiň saglygy bilen baglanyşykly ähli taslamalaryň ähmiýetini ýokarlandyrýar, beden, ruhy we ahlak sandynlygynyň kämil milli ulgamyny kemala getirmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygynyň subutnamasy bolup hyzmat edýär.