TÜRKMEN DIPLOMATLARY MOSKWADA WELOSIPEDLI ÝÖRIŞ GEÇIRDILER

        

         Şu gün, 2023-nji ýylyň 3-nji iýunynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasynyň işgärleri özleriniň maşgala agzalarynyň, Moskwada ýaşaýan türkmen diasporasynyň we okaýan talyp ýaşlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda, Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirdiler.

         Bu baýramçylyk çäresi Moskwa şäheriniň M.Gorkiý adyndaky köp adamly, ajaýyp tebigatly merkezi Medeniýet we dynç alyş seýilgähinde geçirildi. Bu seýilgäh Moskwa derýasynyň boýunda ýerleşip, paýtagtyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň iň gelim-gidimli dynç alyş merkezleriniň biri bolup durýar. Türkmenistanyň baýdagynyň welosipedli ýörişe gatnaşyjylaryň elinde pasyrdaýan görnüşler bu dabaraly çärä aýratyn öwüşgin berdi.

         Mälim bolşy ýaly, bu baýramçylyk güni Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2018-nji ýylda BMG-ň ýörite karary esasynda halkara senenamasynda peýda boldy. Bütindünýä welosiped güni ekologiýa taýdan arassa we saglygy berkediji ulag hökmünde welosiped ulagynyň jemgyýete oňyn täsir etmegi göz öňünde tutulyp döredildi.