TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ BAŞLYGY D.A.GULMANOWA BILEN RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ FEDERAL ÝYGNAGYNYŇ FEDERAL GEŇEŞINIŇ BAŞLYGY W.I.MATWIÝENKONYŇ DUŞUŞYGY

2023-nji ýylyň 26-njy maýynda Sankt-Peterburg şäherinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.A.Gulmanowanyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy W.I.Matwiýenkonyň duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda Taraplar dürli ugurlardaky dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak we özara düşünişmek ýörelgelerine daýanýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini nygtadylar. Türkmenistanyň Prezidenti S.G.Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti W.W.Putiniň arasyndaky duşuşyklar we gepleşikler bu hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda kesgitleýji oruna eýedir.

Parlamentçiler ikitaraplaýyn gatrnaşyklaryň möhüm ugry bolup durýan parlamentara hyzmatdaşlygyň dürli meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Taraplar parlamentara hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmaga mümkinçilik döredýän iki ýurduň parlamentçileriniň arasyndaky gatnaşyklar soňky döwürde işjeň ösýändigi kanagatlanma bilen bellediler.

Taraplar parlamentara dialogy, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm meseleleri boýunça gepleşikleri, parlament işi babatda tejribe alyşmagy dowam etmek uly ähmiýetlidigi nygtadylar.