«AK ŞÄHERIM AŞGABAT» ATLY KÖPUGURLY HALKARA SERGISI

Şu gün paýtagtymyzda «Ak şäherim Aşgabat» atly XXII köpugurly halkara sergisi öz işine başlady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýän hem-de şähergurluşyk ulgamynda gazanylan üstünlikleri we geljekki ösüşleri giňden görkezmäge gönükdirilen giň gerimli ýöriteleşdirilen forum geçirilip gelinýän ýyllaryndan bäri hyzmatdaşlaryň gatnaşyk etmegi hem-de bu ulgamda dünýäniň iň täze işläp taýýarlamalaryny ulanmakda işjeň tejribe alyşmak üçin netijeli meýdança öwrüldi.

Oňa gatnaşyjylaryň barha artýan sanawy okgunly ykdysady ösüşe we özüneçekiji maýa goýum ýagdaýyna eýe bolan ýurtda gatnaşyklaryny berkitmäge hem-de işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýän köpsanly daşary ýurt we milli kompaniýalary özünde jemleýär.

Türkmenistandaky ähli beýik ykdysady we durmuş özgertmeleriň aýnasyna öwrülen paýtagtymyzyň keşbinde hem-de şäher infrastrukturasynda möçberi we maksady boýunça deňsiz-taýsyz özgertmeler, onuň iň täze taryhy we geljekki ösüşi, gürrüňsiz suratda, olary aýdyň hem-de giň gerim bilen beýan etmäge mynasypdygyny äşgär edýär. Munuň şeýledigini görkezmäge «Ak şäherim Aşgabat» sergisi mümkinçilik berýär.

Ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän halkara forumlarynyň türkmen bazaryna gelip gowuşýan önümleriň we hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmagyň ýene-de bir guraly bolup durýandynyny bellemek gerek.