TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ MASLAHATY

Şu gün sanly ulgam arkaly Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň ýigrimi ikinji maslahaty geçirildi. Onda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan Kanunlaryň taslamalarynyň birnäçesine garaldy we kabul edildi.

Maslahata gatnaşmak üçin birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

Deputatlar “Türkmenistanyň Mejlisi hakynda”, “Brýussel şäherinde kabul edilen we Üýtgetme girizmek baradaky Teswirnama arkaly üýtgetme girizilen Harytlary beýan etmegiň we kodlaşdyrmagyň sazlaşdyrylan ulgamy hakyndaky halkara Konwensiýa goşulmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryna garadylar.

“Türkmenistanyň Mejlisi hakynda” Kanunyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşylanda, bu resminamanyň Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň işini bes etmek, kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edarany Mejlisden ybarat bolan bir palataly ulgama öwürmek baradaky başlangyçlaryna laýyklykda, 2023-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň kabul edilmegi bilen baglylykda işlenip taýýarlanylandygy bellenildi. Kanun taslamasyny işläp taýýarlamaga degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleri gatnaşdylar.

Bellenilişi ýaly, “Türkmenistanyň Mejlisi hakynda” Kanunyň taslamasynda bu wekilçilikli edaranyň işiniň guralyşy, düzümleriniň iş tertibi, wezipeleri, ygtyýarlyklary we deputatlaryň hukuk ýagdaýy kesgitlenilýär. Kanunyň taslamasyna laýyklykda, Mejlis ählumumy, deň we göni saýlaw hukugy esasynda gizlin ses bermek arkaly saýlawçylarynyň sany takmynan deň bolan saýlaw okruglary boýunça saýlanylýan 125 deputatdan ybaratdyr. Saýlawlar gününe çenli 25 ýaşy dolan we soňky on ýylyň dowamynda Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýaty Mejlisiň deputatlygyna saýlanyp bilner. Mejlisiň deputatlarynyň ygtyýarlyk möhleti bäş ýyldyr. Türkmenistanyň Mejlisiniň işi Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, şu Kanuna hem-de beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda amala aşyrylýar. Täze Kanunyň kabul edilmegi Mejlisiň işini döwrüň talabyna laýyklykda alyp barmak üçin kämil hukuk esasynyň emele getirilmeginde, ýurdumyzyň hukuk binýadynyň kämilleşdirilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolar.

“Brýussel şäherinde kabul edilen we Üýtgetme girizmek baradaky Teswirnama arkaly üýtgetme girizilen Harytlary beýan etmegiň we kodlaşdyrmagyň sazlaşdyrylan ulgamy hakyndaky halkara Konwensiýa goşulmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna garalanda, döwrebap tehnologiýalaryň we sanly ulgamyň esasynda Türkmenistanyň halkara söwda işini ösdürmek babatda bu resminamanyň möhümdigi nygtaldy. Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, 160 döwlet gatnaşýan bu Konwensiýa goşulmagy ýurdumyza daşary söwda gatnaşyklaryny halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalarynyň, özara ynanyşmagyň we ygtybarly hyzmatdaşlygyň esasynda amala aşyrmaga mümkinçilik berer.

Deputatlar “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Ýaşaýyş jaýlarynyň we gozgalmaýan emläge degişli başga obýektleriň paýly gurluşygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme we goşmaça girizmek hakynda”, “Şähergurluşyk işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetme girizmek hakynda”; “Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryna garadylar. Bellenilişi ýaly, bu Kanunlaryň kabul edilmegi ýurdumyzyň Konstitusiýasyna laýyklykda amala aşyrylýar we “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmäge hem-de degişli ulgamlaryň işini kämilleşdirmek üçin hukuk mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatynyň garamagyna girizilen kanunçylyk namalarynyň taslamalary biragyzdan makullanyldy we kabul edildi.

Maslahatyň ahyrynda deputatlar ýokarda agzalan hukuk namalarynyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylyk ulgamynyň üstüni ýetirip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda giň gerimli durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleri mundan beýläk-de üstünlikli amala aşyrmak üçin oňaýly şertleri üpjün etjekdigine ynam bildirdiler. Şol özgertmeler bolsa ýurdumyzyň durmuşynyň dürli ulgamlaryny okgunly ösdürmäge gönükdirilendir.