GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW KANUN ESASYNDA TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI DIÝLIP YKRAR EDILDI

Türkmenistanyň Gahrymany, Hormatly il ýaşulusy, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow kanun esasynda türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip ykrar edildi. Şu gün, 2023-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda, Aşgabatda geçirilen Milli Geňeşiň we ýurduň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki maslahatynyň jemleri boýunça kabul edilen «Türkmen halkynyň Milli Lideri hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny bolsa türkmen halkynyň Milli Lideriniň syýasy we hukuk ýagdaýyny kesgitleýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

Konstitusion kanuna laýyklykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hemişelik agzasy bolup durýar. Şeýle-de Milli Lidere onuň hemişelik ýa-da wagtlaýyn bolýan ýerinde, maşgala agzalaryna döwlet goragy üpjün edilýär.