BERLINDE SAGLYGY GORAÝYŞ BOÝUNÇA VII TÜRKMEN-GERMAN FORUMY GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 5 - 6-njy martynda Berlinde saglygy goraýyş boýunça nobatdaky, VII türkmen-german forumy geçirildi. Onda lukmançylyk ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy we geljek üçin täze ugurlara garaldy.

Bu gezek ortopediýa, şol sanda çagalar ortopediýasy hem-de fizioterapiýa meselelerine üns berildi. Türkmenistanda we Germaniýada lukmançylygyň bu ugurlarynyň ýagdaýy boýunça çykyşlar guraldy, keselleriň öňüni alyş işi şöhlelendirildi, ortopediýa tehnikasynda häzirki zaman çözgütleri, işgärleri okatmagyň aýratynlyklary we beýleki meseleler beýan edildi.

Düzüminde döwlet edaralarynyň we ylmy-kliniki merkezleriň, şypahana-bejeriş edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri, mugallymlar bolan türkmen wekiliýetiniň iş saparynyň maksatnamasyna maglumatlary alyşmakdan, söhbetdeşliklerden başga-da, Berlindäki Marsan trawmatologiýa klinikasyna hem-de Otto Bokk lukmançylyk tehnologiýalarynyň ylmy merkezine baryp görmek çäreleri girizildi.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hem-de GFR-iň Federal saglygy goraýyş ministrliginiň arasynda hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşygyň çäklerinde türkmen-german forumy 2011-nji ýyldan bäri yzygiderli geçirilýär. Onuň gün tertibi bolsa bu ulgamdaky derwaýys wezipeleri nazara almak arkaly düzülýär. Şeýle duşuşyklarda kabul edilen çözgütler saglygy goraýşyň dürli ulgamynda öz aýdyň beýanyny tapýar. Mysal üçin, şundan öňki, VI forum 2016-njy ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda geçirildi we ýokanç däl keselleriň, hususan-da, diabet, onkogemetologiýa hem-de endokrinologiýa keselleriniň öňüni almaga we olara garşy göreşmäge bagyşlandy. Antibiotiklere durnuklylyk hem möhüm meseleleriň biri boldy.

Mýunhenli professor Dr.Klaus Parhofer TDH-nyň habarçysy bilen bolan söhbetdeşlikde şeýle gürrüň berdi: “Biziň geçiren ýedi forumymyz hyzmatdaşlygymyzyň saglygy goraýşyň möhüm ugurlarynyň we lukmançylygyň ulgamlarynyň köpüsi boýunça netijelidigini tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa şeýle hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn goldaýandygy, ýurtda saglygy goraýşyň hem-de ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlarynyň ösdürilmegine aýratyn üns berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirmek isleýärin. Şol hyzmatlar iň gowy ýewropa ülňülerine laýyk gelýär. Hut türkmen Lideriniň oýlanyşykly syýasaty netijesinde siziň ýurduňyz daşary ýurtlaryň iň gowy tejribesiniň esasynda saglygy goraýşyň milli nusgasyny kemala getirmekde şeýle haýran galdyryjy netijelere eýe boldy. Ol dünýäniň köp ýurtlary üçin nusga bolup biler”.