TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNYŇ MILLI MEJLISINIŇ BAŞLYGYNY KABUL ETDI

2022-ni ýylyň 7-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz ýurdunyň parlament wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Türkmenistana sapar bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň başlygy hanym Sahiba Gafarowany kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda ýola goýulan türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerini ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň parlamentara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine aýratyn üns berdiler.

Şeýle hem saparyň çäklerinde Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň başlygy Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa bilen duşuşar, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlarynyň öňünde çykyş eder hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen gepleşikleri geçirer.

Gepleşikleriň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminama gol çekmek meýilleşdirildi.